MENU

13:22
Köwüş çotgasy

Köwüş çotgasynyñ ýüregi gysyp,
Diş çotgasynyñka gidesi geldi.
Kowumdaşy bilen çaýyñ başynda
Iç döküşip gürrüñ edesi geldi.

Düwünçege düwüp sowgatjygyny,
Hiñlenjiräp, assa-ýuwaş ugrady.
Ýöne, diş çotgasy sowuk garşylap,
Ählije keýpine sogan dogrady.

Diýdi: - Seniñ edýän işiñ hapa iş.
Şonuñ üçin diýip bilmerin "Otur!"
Meniñ öz gatnaşýan deñ-duşlarym bar:
Diş pastasy,
Sürteç,
Sabyndyr,
Atyr!

* * *

Hawa, käte şeýle bolaýmasy bar:
Gowy gylyk gara şaýa geçenok,
Seniñ kimdigiñi kesgitleýär kär!

Hemra Şirow
Категория: Çagalar edebiyaty | Просмотров: 79 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Lacrymosa • 21:30, 14.01.2024
Ine-de Çotga!
avatar

uCoz