MENU

15:00
Kubra

KUBRA

Kubra
Umyt bereweri ýadan ýüregme,
Medet bereweri aran ruhuma.
Eden günälerme toba deregne,
Gadam goýdum seniň aramgähiňe.

Gapdalymda hemra bolup mes hatyn,
Zyýarata geldik, biz bir günäli.
Men özümi hemme zatdan pes saýdym,
Ýazygym depämde gyzan Gün ýaly.

Kubra
Küfre ýol goýma Alla hakyna,
Oda düşen otparazlar mysaly.
Dertlerim bar mertebäme kakylan
Ruhullanyň myhlary deý yzaly.

Kubra
Kalba sygman pisat pikirler,
Synam garyp jindesi deý persala.
Ýalňyzlykda, küýüm haka kökerlen,
Il içinde dinden çykan tersa men.

Pelek demirçiniň körügi deýin,
Asyl tutuş älem tutaşan kömre,
Ataşa meňzeýär. Näme edeýin.
Ýol görkez Kubra.

© Sylapberdi MUHAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Мango | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 sussupessimist • 19:40, 23.11.2023
Küfre - türkmeniň küpür diyyänimikä?
avatar
1
2 Мango • 16:20, 24.11.2023
şu ýerde gabyr zyýaratlary barada bilibermeli bolýan bolup dur.
(terjimesizem ýakynlap düşünersiňizle)

Rasülullah (s.a.v), "Kabirleri ziyaret ediniz. Çünkü kabirleri ziyaret, size ahreti hatırlatır” buyurmuştur (İbn Mâce, Cenâiz – 47). Bu bakımdan mezarlıkların ziyaret edilmesi, bu vesileyle ölünün hatırlanması ve orada yatanlardan ibret alınması Dinimizin tavsiye ettiği hususlardandır. Ancak, kabir ve türbe ziyaretlerinde İslâm’ın özüne ve tevhit anlayışına ters düşen, itikâdî bakımdan da zararlı olan tutum ve davranışlardan uzak durmak gerekir. Bilhassa türbelerde yatan kişileri beşer üstü varlıklar olarak görmek, ilâhî kudretlerinin olduğuna inanmak, onlardan yardım dilemek tevhit dini olan İslâm’la bağdaştırılamaz...
avatar
0
3 Medicall • 16:27, 24.11.2023
"Gapdalymda hemra bolup mes hatyn," şu ýerine düşünjek boluwotykam awtora käýinesim gelli. "Ýeke barsañ gowy bordy onnona" diýip))) ýene düşünmedik bolaýmaýyn diyip artyk zat ýazmaýyn diýdim...
Rebbim her kimiñ ruhy halyna hem kalbyna gözelliginden çaýsyn, maşgala abatlygyny bersin, bagyşlasyn, tobalary, dilegleri kabul buýursyn!

Emma ýürekden syzylyp ýazylan goşgy, ylhamyñyz joşup dursun Sylapberdi dogan!
avatar
-1
4 Sylapberdi • 16:12, 25.11.2023
Neme-dä, o tüki, hayat bi, käte her dürli ynsanlara we ynsanjyklara ýoldaş bolmaly bolýa, Nurdan doğan!
Özüñiz düşüniberersiñiz-de...
avatar

uCoz