MENU

22:54
Küýseg

KÜÝSEG

Suwy iman, laýy yhsan,
Köşk gurýaryn, Ahmedim!
Penjiresin açsam pynhan,
Yşyk görýärin, Ahmedim!

Huda seni Habyp kylgaý,
Resul diýe Göge algaý.
Asman üzre ylgaý-ylgaý,
Keşt edýärin, Ahmedim!

Dileg-dogaýa elimi,
Serdim, guradyp dilimi.
Behişdiň ýaşyl gülüni,
Müşk edýärin, Ahmedim!

Köňlümde Hak, birem sen bar,
Ajap ruh, amanat dem bar,
Golda galam, gözde reň bar,
Keşp çekýärin, Ahmedim!

Käbäni görmek küýsegim,
Günleň bir güni duýsadyň.
Hülleýi yhram geýsedim,
Keşik edýärin, Ahmedim!

Saba-säher örüp, ynha,
Otyryn toba kylyp tenha.
Şygyr ýazdym, muňa men-hä,
Yşk öýdýärin, Ahmedim!

Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 149 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 01:29, 14.06.2023
küýsegiň hasyl bolsun.
avatar
0
2 Medicall • 03:12, 25.06.2023
Gurbanmyrat jigimiz gulluga gidipdir, görünenok diyip ýördüm, sag-aman gullugyny dynyp gelsin, ähli arzuwlary hasyl bolsun diýip Beýik Allladan dileýärin!
avatar

uCoz