MENU

17:58
Laçyn Pürjäýewa / terjimehal
LAÇYN PÜRJÄÝEWA / TERJIMEHAL

Laçyn Atadurdyýewna Pürjäýewa, 1978-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginde gullukçy maşgalasynda eneden doguldy. Milleti türkmen.
1985-1995-nji ýyllarda Mary etrabyndaky 27-nji orta mekdepde orta bilim aldy.
1995-nji ýylyň noýabryndan 1996-nji ýylyň iýuly aralygynda Mary welaýat Mugallymlary metodik taýdan üpjün ediş — Kämilleşdiriş institutynyň ýanynda açylan başlangyç synplaryň iňlis dili mugallymy hünäri boýunça 10 aýlyk kursy okady.
1996-2001-nji ýyllarda Mary etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň başlangyç synplarynyň iňlis dili mugallymy bolup işledi.
2001-2005-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini okady.
Talyp döwrümde (11.01.2002-nji ýyldan 31.03.2004-nji ýyllar aralygynda) «Nesil» gazetiniň habarçysy bolup işledi.
2005-nji ýyldan 2010-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 27-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2010-njy ýylyň 1-nji aprelinden 2013-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň aspiranty bolup okady.
2013-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwaryna çenli aralykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy-usulyýet bölüminiň esasy usulyýetçisi, müdiriň orunbasary, müdiri wezipelerinde işledi.
2016-njy ýylyň martyndan häzirki wagta çenli «Adalat» gazetiniň öz habarçysy bolup işleýär.
Durmuşa çykmadyk.

Laçyn Pürjäýewanyň iň ýürekgopduryjy şygyrlarynyň biri:

ÖWRÜLIŞIK

Tozýar, tozsun gynanamok köwşüme,
Köýneklemem gezekleşip çüýreýär.
Gün kakatdy, ýel kakatdy keşbimem.
Serimiň hem sämäp bagty çüwmeýär.

Düşýär, syçanguýruk boldy saçlarym,
Gaşlarymam gerilmeýär ýaý ýaly,
Dyrnak hynalamamy hem taşladym,
Men şeýle-de bir bölejik Aý ýaly.

Ýygyrtlaram indi ýokuş degmeýär.
Demir dişlere-de öwrenşýän kem-kem ,
Nobatlaram howluksaň, has egleýär.
Işlerem howluksaň, bitegen kemter.

Äýnek, şaý-sep dakynmandym kejigip,
Saýawanam götermedim ömrüme,
Hezildi, şonda-da meniň hiç haçan,
Dönesim gelmedi, talyp döwrüme.

Öňki ýaly ýarygam ýok Zeminiň,
Sähel zada bozulanok keýpimem.
Gülkim tutýar diýäýseler: “Küýküje“
Ýuwaşjadan bolup barýan keýtigem.

Şo bolşuma goşgy goşýan sen hakda,
Şo bolşuma düýşde görüp oýanýan,
Şo bolşuma duýýan:
Ýürek ýukalyp, Akyl goýalýar.
Hem öňküden ýylgyryşym owadan,
Hem öňküden mähirlije seredýän.

2007.
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 251 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/6
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Aygul • 18:40, 17.04.2023
Şonůň ücinem kemiň ýok-da!
avatar
0
2 Medicall • 18:46, 17.04.2023
Ähli ýerde Üstünlik hemrasy bolsun!
avatar
0
3 Мango • 19:05, 17.04.2023
Наконец-то Laçyn hanymyň aý jemalyny görüp bildim.
Bu günlerem görmek bar eken. :-)
Men başgaça göz öňüme getirýädim.
Dogumyndan ýaňa saçlary buýra-buýra, tolkun-tolkundyr öýdýädim.
Iňlis dili üçin 10 aýlyk kurslar ýeterlik däl bolaýmasa. Ýa soňam kurs gördümikä?

Häää. däbi bozmaýyn.
Surat barada:
Surat dokument üçin düşürilen surat eken-dä, käşgä непринужденный momentde düşürilen bolaýsady-da.
avatar
0
4 Pero • 20:22, 17.04.2023
Gözleri bar-a gözleri...ynsanyñ görüp biläýjeklerinden artyk görýän eken.
avatar
0
5 Kyyas • 22:11, 17.04.2023
Şeýle ýürek joşgunly setirleriñ awtoryny görmek miýesser etdi. Ömri uzak, bagty joşup ýene täsin setirler ýazyp dursun. Serdar aga size minnetdar!
avatar
1
6 @Baýram_Bejidow • 00:21, 28.04.2023
Prikol gürrüñlerem bar)))
avatar

uCoz