MENU

11:15
Leglegim

LEGLEGIM

Ine, üç ýyl bäri
gözüm ýoluňda.
Hiç habar alaňok
meniň halymdan.

Garaşylmadyk
ýerlere barýaň,
hem meniň garaşan
sowgadym berýäň.

Diýýärin ýaňy bir:
«Nobatym ýetýär».
Sen görmediksiräp
deňimden ötýäň.

A men şo-ol elimi
eňegme diräp,
garaşýaryn seniň
gelerňi diläp.

Umydym ýok däl,
ýitmezem asla.
Bilýärin, gelersiň
sen uçup assa.

Ugur — öýümize,
ge:rsiň uçar-da.
Muhammedalymy
be:rsiň gujagma.

Dolanyp ikilenç
Nuranam üçin,
sen dünýä öwrersiň
öýmüziň için.

Ýöne bir düşmedik
zadym meniň hiç:
Neçün gelmeýärsiň
henize deňiç?

Aýt, hikmeti näme
köp eglenmegiň?
Nirde galdyň,
nirde,
nirde, leglegim?

Süleýman HOJANEPESOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: LegLek | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 13:17, 17.01.2024
Allah myradyňa ýetirsin.
avatar
0
2 LegLek • 14:32, 17.01.2024
@Mango
Amin enşallah!
Hemmämizi haýyrly myradymyza ýetirsin!
avatar
0
3 sussupessimist • 21:09, 17.01.2024
Myradyňa yetirsin!
welin... şü leglegem klişe öwrülen yaly, dogrusy. Onsoň goşgyda şahsy duygular känmi, ya edebiyat, belli bolman galyar.
avatar

uCoz