MENU

11:39
LOWLAP ÝANDY ÝÜREKDE YŞK ATAŞY...
Lowlap ýandy ýürekde yşk ataşy,
Bendi etdi meni seniñ gözleriñ.
Tow berilen gurjak deýin üýtgeşik,
Tirpildedi ýüregime göz degip.

Bu heseriñ, şypasyny bejerjek,
Şemal ýaly ýeñles çykan sözleriñ.
"Sen meniñ ömürlik durmuşym gurjak"
Diýip, saña ýüregimden söz berip.
Wada berip,
Ant içdim, señki ýürek.
Wah, indi men şony saña dözmerin.
Söýmegi öwreden sen bolsan gerek,
Diýmegin biwepa ýa-da özgeren

Bilýän indi söýgi düýbinden üýtgäp,
Başga-başga serial görýär gözlerim.
Maña indi biwepadyr öýütme!
Seni söýýän diýsem indi göz deger...

Ykbalymyz aýra möhür basypdyr,
Girimize täleý çeken çyzlaryn...
Hyýalymda henizlerem bakyp dur,
Ýüregime ataş salan gözleriñ...

© Remezan Mämetgurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 22:49, 27.05.2023
– Sen meniñ ömürlik durmuşym gurjak.
– Näme diýoň?.
– Sen meniñ ömürlik durmuşym gurjak.
– Kim nämäni gurmaly?
– Sen meniñ durmuşymy gurmaly.
– Men seniň durmuşyňy gurmalymy?
– Ýok. Sen meniñ ömürlik durmuşym bolmaly... Ýok, bulaşdyrdym: Men seniñ ömürlik durmuşyňy gurjak.
– Näme diýjek bolsaň gönüje aýtsana...
– "Sen meniñ ömürlik durmuşym gurjak" diýip dun-a...
– ???
avatar

uCoz