MENU

18:04
Madrigal

Hala sen äsgerme, hala sen äsger,
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.
Bileniňden galma, bagtyňdan galma,
Şatlykdan doýma ýok, bu bagtdan ganma.
Et göwne gelenin, köňül söýläniň,
Parhy näme söýýänim ýa söýmänim.
Men bolmaýyn aýagyňa çolaşan,
Owal söýüp soň söýgüde sowaşan
Ömürbaky bir-birege ýagydyr,
Seň bagtyň - özgäň betbagtlygydyr.

Hala sen äsgerme, hala sen äsger ,
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel,
Aslyşmaýyn saklamaýyn ýoluňda,
Kem galma dünýäniň bary ýogundan.
Peýdasy ýok saralmaň-da solmaň-da,
Günler geçer men bolamda, bolmanda.
Meni horla sen özüňe jebr etme,
Oňat bolsa, bar, bagtly bol jennetde.
Gözýaş ýaly asylmaýyn kirpikde,
Kastym ýok arym ýok saňa birjik-de.
Kiçelt mertebämi, dök sen abraýym,
Ýöne özüm özüm bolup galaýyn.

Hala sen äsgerme, hala sen äsger
Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.

Atamyrat Atabaýew
,, Gumsagat "
Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: Garlawac | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 atayeva • 19:11, 19.08.2023
Içi kitüwli gezmek gowy däl. Men ozumden sorayan "Bagul, sen ar aljakmy?
Őzüm diyyar "Men entek başlamogam"
Yone men soňundan oz ozume "ar almak pes işdir. Ondan beyik bol" diyyan
avatar
0
2 Medicall • 22:16, 19.08.2023
Dogry diýýäñ Bägül, her kimden ar aljak bolmak asla dogry däl, düşünmeseler ýylgyryp geçibermeli:)
avatar
0
3 Medicall • 22:17, 19.08.2023
Goşgy gowy eken Atamyrat agadan öñ okamadyk goşgym, köp sagboluñ!
avatar
0
4 Мango • 10:24, 20.08.2023
Мадрига́л — небольшое музыкально-поэтическое произведение, обычно любовно-лирического содержания…
Википедия
avatar

uCoz