MENU

22:24
Mährem ejemiz

MÄHREM EJEMIZ

Gijelerne özi yatman ýatyran,
Bilýäňizmi ol kim? Mährem ejemiz.
Oýa halda dañlaryny atyran,
Bilýänizmi ol kim? Mährem ejemiz.

Dişiň çyksa hemmeden öň begenen,
Bökjekläp oýnamda şeýle guwanan,
"Oguljygym" diyip, bize daýanan
Bilýänizmi ol kim? Mährem ejemiz.

Ýaňyja dil bitip ýöräp ugramda,
"Ejje" diýip oň yüzüne garamda,
Ýañagymdan öpen ýanyna baramda,
Bilýäňizmi ol kim? Mährem ejemiz.

Ulaldyp ösdürip bilimler beren,
Hiç haçan gygyrman gujagyn geren,
Geljek nogsanlyklan öňünde duran,
Bilýäňizmi ol kim? Mährem ejemiz.

Mekan ÝAGMYROW
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Parahat6499 | Теги: Mekan Ýagmyrow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Parahat6499 • 22:27, 03.05.2023
Salam agzalar! Mümkin bolsa şu goşga teswir ýazaýyň. Goşgyň az-owlak gowşakdygyny bilsemde, awtor saýta goýmagymy haýyş edip maňa ugradypdyr. "Men beýleki awtorlaryň pikirini bilesim gelýär" diýip ugradypdyr.
avatar
1
2 atayeva • 23:45, 03.05.2023
Geljek nogsanlyklan öňünde duran,
Bilýäňizmi ol kim? Mährem ejemiz.

eje hakda näçe aýdylsa-da, okamak ýakymly. Ejä bolan söýgiň hakykylygyndan bolaýmasa
avatar
0
3 Medicall • 01:29, 04.05.2023
çaganyň enä bolan mähribanlygy, açyk, ýüreginden gelşi ýaly aýdylypdyr. Ene hakda galat söz aýdyp bolmaýanyny bilýänligimiz üçin Ene hakdaky ähli goşgular hem eziz. galamyň ýiti bolsun Mekan, köp okap, öwrenip, kämilleşibermeli.
avatar

uCoz