MENU

17:19
Mähriban
MÄHRIBAN

Ýük ýazdyryp gerdende,
Yşkyň aýbym örtende.
Ýalan dünýe bir demde
Çyn göründi, mähriban.

Serimi duman eden.
Hyýallar hunabadan.
Göwnümde ula giden
Jeň göründi, mahriban.

Sabrym – suw, pagyş-para,
Saz boldy damyp tara.
Ömre yşk bagyşl:ara
Çen göründi, mähriban.

Isläp köňül yrzasyn,
Ýaşadym men yrýasyz.
Sensiz mydam bir zadym
Kem göründi, mähriban.

Gül ýüzüň öwürdigiň,
Kül bolar ömürjigim.
Geçenim-u-geljegim
Deň göründi, mähriban.

Sen bar – Ýeriň ýüzünde!
Em bar – şirin sözüňde
–Emma niçüýn gözüňde
Nem göründi, mähriban.

Ugrunda ýer sermänim,
Emre bolup eňränim:
“Yşkyň meni neýlänin,
Gel, gör” indi, mähriban.

©Kakamyrat REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 109 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 18:20, 08.07.2023
gowy goşgy.
berekella Kakamyrat daýy.
avatar

uCoz