MENU

14:45
Maksat Hudaýberdiýew "Tikinçi gyz"2022

Nakgaşçy bu işinde ýokary we pes gözýetimden serediş ýerlerini birlikde ulanýar. Dik gorizontallyk işi has-da dabaralandyrýar. Bu eser " Tikinçi gyz" diýlip atlandyrylsada onuň haýsy keşde çekip ýa näme tikýäni mälim däl bize,emma suratkeşiň aýtmak isleýän pelsepesi uly öýüň ýüzüniň tuwagy bolan gyz perzendiň edebi hem göreldesini görkezmek isleýän ýaly. "Güler ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, gyz uýasy bolsada güler ýüzi solmasyn." aýtgynyň aňyrsynda öý ojak abraýynyň eýesi gyz mertebesi hakynda aýdylýar.Tikin çatyn bilen meşgul bolan türkmen gyzynyň öýden çykman abraýyny saklamagy şol ojagyň mertebesidir. Şonuň üçin bolsa gerek nakgaş öýüň içini şeýle beýikligi bilen şekillendirendir. Şeýle beýiklik eseriň gahrymany bolan şol gyzyň mertebesidir...

Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji
Gündelik ýazgylary 27.09.2023ý
Категория: Suratkeşleriñ döredijiligi | Просмотров: 310 | Добавил: Merw | Теги: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 09:53, 16.10.2023
gyzykly kompozisiýa.
bir hili uly eserden kesilen fragment ýaly duýgy hem döredýär.

gyz keşde çekýän bolmaly, eli iňňeli, ýanynda-da bukjasy bar.
öňündäki haly üçin ýumaklary diňe dekorasiýa üçin çekilen bolmaly.
umuman, owadan realistik surat.
avatar

uCoz