MENU

14:53
Maña garaşmañ!..

«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR

MAÑA GARAŞMAÑ!.

Hanha seret!, çogly güneş dogupdyr,
Bilmen, nireleri büräpdir tümlik,
Bor-bolgusyz pikir doly başymy,
Edil şuhal gurşap aldy ümsümlik.

Ýoluñ soñy gelen ýaly,
hamala,
Häzir ömrüñ soñky duralgasynda,
Sürüji ,,düş" diýip seslenjek ýaly,
Men taýyn durun ruhymy gysymlap.

Uzak gije uklamadym, oýadym,
Kalbym hiçzat hakda hiçzat syzmady,
Dymmaşak oýnadyk hyýallam bilen,
Şu gezegä bir sözünden jyzmady.

Ejem geler ýene birazsalymdan,
Soragly dideler didäme bakar,
Jogap berjek sözlerimiñ deregne,
Bir damjajyk ajy gözýaşym akar.

Başym sypar, meni gepletjek bolar,
Men näme hakynda näme gepläýin?,
Öñler selkilleýän ýañra dilimiñ,
Men nädip aýdaýyn hata geplänin?!.

Täsirinden täsin eý tämiz säher,
Ukymy ogurlan garañky gije!
Begeniñ,
Ýüregme howsala salyp,
Gurnan güýmenjäñiz çykmady puja.

Bir zat pikir etmän, bir zat gürlemän,
Bolup oturyşym dälä ýaraşýar.
Men kime garaşýan, nämä garaşýan,
Maña kim garaşýar, nämä garaşýar?,
Men şu güni özüm bilen ýaşajak,
Maña garaşmañ!...
Категория: Goşgular | Просмотров: 162 | Добавил: Medicall | Теги: ELEGANT ESER baýragyna, Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 13
avatar
0
1 Mekan2 • 15:19, 18.03.2024
gamçysy bilen duýgulamy gowy saýdyrjakdym, gaty saýmady.
men weli, arasynda gerekgälräk-gerekgälräk ýerleri bar saýdym.
onda-da nemeräk ýerinden, gowy ýeri kän saýdym.

Öñler selkilleýän ýañra dilimiñ,
Men nädip aýdaýyn hata geplänin?!.

umuman...

8/10
avatar
0
2 Mekan2 • 15:20, 18.03.2024
her näçe jan etsemem selkilleýän dili göz öňüme getirip bilemok.
avatar
0
3 janjennet • 16:44, 18.03.2024
6/10
avatar
0
4 aygull • 17:53, 18.03.2024
Howlugypsyñ. Ýene birje gúnjùk wagty bar eken.
Ýogsa 10/10 bolardy.
7/10
avatar
0
5 Hyýalbent • 18:24, 18.03.2024
8/10
avatar
0
6 Küle • 19:30, 18.03.2024
7/10
avatar
0
7 Pero • 23:01, 18.03.2024
4/10
avatar
0
8 sussupessimist • 23:56, 18.03.2024
5/10

ruhuny gysymlaýşy erbet däl eken.
Awtory gyzdyr-da hernä. Ejesi gelip, soragly nazaryny dikeninde, gözünden (bir damjajyk bolsa-da) ýaş döküp bilýän erkek göbekli bolaýsa, bahany has peselderdim
avatar
0
9 paragraph • 04:54, 19.03.2024
7/10
avatar
0
10 derwushhana • 07:36, 19.03.2024
4/10
avatar
0
11 Rowaç • 14:21, 20.03.2024
Gowy setirlerem bar weli, doly demini almadyk ýaly. Şondan üçrip, 6/10.
avatar
0
12 garagar • 15:39, 20.03.2024
7/10
avatar
0
13 Gülkamat • 16:48, 21.03.2024
7/10 mendenem. Hemmesine goydummykam diyyan bal weli bar ekeni goymadygym
avatar

uCoz