MENU

00:41
Maña umyt beriñsene...

Maña umyt beriñsene!,
ynam beriñsene!,
Satylýanam bolsa,
Gatylýanam bolsa aşyma awy,
Tomsuñ jöwzasynda üşemez ýaly,
Maña mähir beriñsene.

Aýdym aýdar ýaly ses gerek maña,
Pes gerek beýige çykmaklyk üçin,
Dag gerek arkama, söýener ýaly,
Ýar gerek ömürlik söýüler ýaly.

Ykbal yranmasyn,
yrym edemok,
Gara pişik ýolum kesip geçende,
Meni ençe gowylykdan saklap dur,
,,Bagt" atly geçelge.

Betha pikirlerem maýyny tapsa,
Bahanaçyl göwnüñ raýyny ýykýar,
Ýa-ha müdümilik şatlyga gurşa,
Onam oñarmasañ, aýagma depde,
Baky turmaz ýaly ymykly ýyk ýa.

Ýaşamagma dem almagym sebäp däl,
Bahana kän, ýaşamana sebäp kän,
Ýalançylar ýalan donun bürense-de,
Eý palyman geljek gara görünse-de,
Maña umyt beriñsene!...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Kyyas • 08:40, 16.12.2023
Baýram beriñsene diýmän göni beriñ diýseñ gowy bolaýjak ýaly.
Beriñsene-berseñize, bersene, berseñiz-le
avatar
0
2 Kyyas • 08:49, 16.12.2023
Soñky, bürense-de (de) artykmaç gerekli däl.görünse, bürense.
Maña umyt beriñ siz! Şeýleräk bolsa bolaýjakdan göwnüme bolmasa
avatar

uCoz