MENU

08:08
Mejalym ýok

MEJALYM ÝOK

Gama baglap goşgymy,
Aglara mejalym ýok.
Yşksyz galan hoş düýni
Dagla:ra mejalym ýok.

Kemlik düýpli üýtgeder,
Manym döner düýpgöter.
Dogryma öýtme heder,
Dänmäge mejalym ýok.

Pelek aýla:r çarhyny,
Bilmen wagt parhyny,
Aýtmaň onuň nyrhyny,
Äwmäge mejalym ýok.

Guşlar egiser heňin.
Sensiz parhly däl ömür.
Ah-h...
Söýgime mesgen gabyr,
Zarla:ra mejalym ýok.
Aglara mejalym ýok...

© Laçyn BAZAROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 144 | Добавил: Pegas | Теги: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Lacrymosa • 14:09, 24.02.2024
Laçka Laçka bolaýýa-da
gör, diýiwerşini!
mejalyň ýok wolsa, aglama, gülüm!
gowy iý-iç, mejallan, soň hem agla, hem aglat bizi.
mundanam gowy goşgularyňa garaşýas, Laçkaaa!
avatar
0
2 aygull • 14:48, 24.02.2024
Titreme, @Lacrymosa. Sakawyň soňuny diňle entek.
avatar
0
3 Küle • 16:37, 24.02.2024
Mejalsyzlykdan soňky bendi ýasapsyň-ow
avatar

uCoz