MENU

10:05
Men
MEN

Bir gözeliň ýanynda men,
Ýadynda başga gözeliň.
Bir gözeliň şadynda men,
Ahynda başga gözeliň.

Bir geliniň hakykaty,
Ýalany başga geliniň.
Bir geliniň söýmän hakyt,
Ýanany başga geliniň.

Bir periniň dözmedigi,
Dözeni başga bir periň.
Bir periniň ölmedigi,
Öleni başga bir periň.

© Wepa PIRNEPESOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Pegas | Теги: Wepa Pirnepesow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Мango • 14:01, 22.08.2023
gözelleri, gelinleri, perileri... ser-sepil edipdir-ow OL.
---
Bir gözeliň ýanynda men,
Ýadynda başga gözeliň.
Bir gözeliň şadynda men,
Ahynda başga gözeliň.

näçe gözeliň gürrüňi gidýär?
ikimi ýa dört?

---
Bir geliniň hakykaty,
Ýalany başga geliniň.
Bir geliniň söýmän hakyt,
Ýanany başga geliniň
.

sazlanmadyk sözlem.
"biriniň-başgasynyň" diýip iki kişiň gürrüňini edip gelýäkä, ýokarky setirde iki däl-de bir kişiň gürrüňi ýaly bolupdyr.
"Bir geliniň söýmän hakyt, / Ýanany başga geliniň..."
bir geliniň / başga geliniň diýýäňem welin "söýmän hakytly" ýeri bulaşdyrýan ýaly....
avatar

uCoz