MENU

09:12
Men

Exclusive

MEN

Jebir-jepa üçin “Esen tanyşam”,
Müň ejre kaýylam ýene müň kere.
Men öňdenem gussalara alyşan
Hem pitjiňem duýgularma müňküre.

Joýa-joýa maňlaýyma ýazylan
Ýazgytdan yrzaýam, ýok arzym jinnek.
Meň gabyrym diri wagtym gazylan,
Ynanyň, gazdylar ony biminnet.

Ýaşap ýördügim däl, sebäp men — öli,
Ölülere käbir zatlar rowadyr.
Zyňyp gaýdyň meni, bezäýin çöli,
Çöl günäliň günäsine dowadyr...

Kalba tikenini dözen güle men
Ömrümi eýledim pida, emgenmän.
Bolsam, boluplar geçeýin öli men!
Käbir hasaplarym üçin eglenýän...

© Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 106 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/7
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Мango • 00:37, 10.02.2024
Ýazgytdan yrzaýam, ýok arzym jinnek.
Çarliň hat ýazyşyna meňzedilaý, "razyýam" diýeňde näder? :-)

---
Bolsam, boluplar geçeýin öli men!
Käbir hasaplarym üçin eglenýän...

hasaplaşmak üçin eglenýän gorkunç öli...
bäää... o hasaplaşykdan şumatdan gorkup ýatyn.

erwetdä goşgy.
avatar

uCoz