MENU

00:12
Men baglañ ýaşyl ýapragy!

MEN BAGLAŇ ÝAŞYL ÝAPRAGY!

Men baglañ ýaşyl ýapragy,
Ýañybir torlan terne men,
Zemine sygan göwnümi,
Gidip, asmana ýerlemen.

Assa-assa, nobat ýetse,
Bagta-da bolaryn şärik,
Ösjegine ynamlydyr,
Topraga kök uran gämik.

Bihata duýgular bilen,
Ömri şatlyga baglaryn,
Ýeri gelende gülerin,
Ýeri gelende aglaryn.

Men dagda biten mumyýa,
Gaýalaryñ şazadasy,
Deñiz deý joşan söýgüniñ,
Hiç tapylmajak adasy.

Bulutlaryñ arasynda,
Ýagyş däl, damja sepelän,
Gowaça dönende durmuş,
Umytlaryny ýekelän.

Alañ bolan arzuwlaryñ,
Alnyny ýagşa bakdyran,
Erkimiñ erkinden tutup,
Hyýal atyny çapdyran.

Ömrüñ serhedi, çägi bar,
Magat bilmegimiz hökman,
Men baglañ ýaşyl ýapragy,
Herne saralmakdan gorkýan...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Pero • 10:25, 24.07.2023
Erbet däl. Emma "Gowaça dönende durmuş,
Umytlaryny ýekelän." ṣu setirleriñe nåhili düṣûnjegimi bilmedim.
avatar
0
2 Kyyas • 11:32, 24.07.2023
Gämik- gawun garpyz kädi hyýar we ş.m gök bakja ekinlerini ekmegiñ görnüşi. Gämikläp ekmek. Gämik kök urmaýar.

Başga ýerlerine öz añyma ýetişiçe gowy...
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 11:43, 24.07.2023
Gä‧mik
Ekilen tohumdan ýaňy gögerip çykan ekin (gawun, garpyz ýaly ekinlerde).

Ondan soň, ol gämikleriň depesinden çekilýän ýaly hüjüm edip galşynda jigisine gürrüň berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
avatar

uCoz