MENU

20:16
“Men Bagt ahyryn!..”

“Bagt näme?” diýýäňmi?!
Men-dä şol!
Seret gözüme!
Şu çaka çen aňmadyňmy?!
Gije-gündiz salgy:m tapman,
Kalbyň dara bagladyňmy?
Gyw, dur, duraweri!
Onçakly uzagam-a däl,
Ses ýetimlik golaýyňda.
“Duýdurmadyň” diýýäňmi?!
Men Bagt ahyryn!
Biraz syrly bolaýyn-da!

Indi duýduň.
Gaçmagymam ahmal
Badyhowa ýeller bilen.
Ýet-dä hany, ýetebilseň,
Geçebilseň özgelerden!
“Garaş!” diýme, men has gedem
Seniň üçin özgererden.

Durnuksyzlyk — ýigrenýänim.
Ýa ýalan bol, ýa tutuş çyn.
Ýene durup oýlanýarsyň
Hem diýýärsiň: “Sen kim?”
Men şu çaka çen ýetdirmedik,
Enteklerem ýetdirmejek
Symrug guşuň,
Arzuw guşuň,
Bagt guşuň
Laçyn-da men!

© Laçyn BAZAROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 150 | Добавил: Pegas | Теги: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 4.8/5
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:25, 08.11.2023
goşgy garagolja eken. :-)
---
Durnuksyzlyk — ýigrenýänim.
Ýa ýalan bol, ýa tutuş çyn.

mümkin däl zady soraýar...
durnukly barmyka?
biz agyp-dönüp durýan jemende-hä.
ýalan bilen çynymyzam garym-gatym.
kyn. ýöne gaýrat etsek, iň bolmanda ýalanymyzy azaldyp, çynymyzy köpeldip bileris.

ýyzzyla basdym.
avatar

uCoz