MENU

01:31
Meñ deñze gidesim gelýär
MEŇ DEŇZE GIDESIM GELÝÄR


Meň deňze gidesim gelýär
Şatlansam ýa ynjadygym.
Kenarynda dyzym epip,
Duýasym gelýär özümiň
Deňizden bir damjadygym.

Meň deňze gidesim gelýär
Duýmak üçin deňizleriň
Bu durmuşa meňzeşligni...
Tolkunlaň ötegçiligne
Kenarlaryň werzişligni.

Meň deňze gidesim gelýär...
Gözelligi duýmak üçin
Ýiti ukyp gerek däl-ä.
Goý, ýüzüp bilmämde näme,
Söýgim bar hemem yhlasym –
Olar meni küreklärler.

Meň deňze gidesim gelýär...
Bakman gomlaň gopbamlygna,
Maýdalyna gidip barýan
Töwekgel gaýygy synlap,
Onuň kenara ýetmegin,
Çyn arzuw edesim gelýär.

Meň deňze gidesim gelýär...

© Kakamyrat REJEPOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Medicall | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.7/6
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 10:46, 23.02.2023
gowy goşgy.
--
Goý, ýüzüp bilmämde näme,
Söýgim bar hemem yhlasym –
Olar meni küreklärler.

şu ýerde anekdot ýada düşdi.
üýtgedipräk aýtsam:
gaýykda (ýa-da kiçiräk gämide) ýüzüp barýamyşlar.
olaň içinde bir şahyram barmyş, edebiýatçy-da näme, ol kapitan bilen ondan-mundan söhbet edýämiş. diýýämiş:
- sen şygyr ýazyp bilýäňmi?
kapitan:
- ýok
- oh-how! onda sen ömrüň ýarysyny boşuna ýaşapsyň.
...
soň tupan turýa. "gopbam gomlar" gaýygy agdar-düňder edip barýa diýýä.
kapitan şahyry tapyp:
- sen ýüzüp bilýäňmi? - diýýär.
- ýok.
- onda sen ömrüňi baryny boşuna ýaşapsyň. "Söýgiň hemem yhlasyň seni küreklärmikä?"

---

goşgy ýazmagy bilmeseňizem ýüzmegi bir öwreniň.
gerek bolar. :-)
avatar

uCoz