MENU

23:57
Men guran taraşa peýdasyz, nepsiz...
Men guran taraşa peýdasyz, nepsiz
Gerekmejek ýerde keserlip ýatan.
"Bu dünýede gerekmejek zat ýokdur"
Şeý diýip, maslahat bererdi Atam.

Taraşa bolsam-da kimdir bir kişi,
Ýakmak üçin ojagyna ulanar.
Men şonda özümi oda uraryn,
Belki mährim öýüñ için ýyladar.

Ýa agaç ussasy ele alarda,
Pinokio ýaly ýasanar gurjak.
Aşa pide bolsam, bag-bakjalara,
Iýmitlik üçin dökünä boljak.

Däl ahyryn, köçeden köçä oklanan,
Ýöne bir hereketsiz taraşa
Gyş gelse bölekläp dykarlar peje,
Ýöne umydymy ýitirdim aşa.

Emmasy bar,
Ornumda alowlaýar gaz...

© Remezan Mämetgurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz