MENU

08:19
Men jägildäp gelemde...
MEN JÄGILDÄP GELEMDE...

Men jägildäp gelemde,
Ýüzüne syldy öňýeten.
Bir günem sessiz-üýnsüz,
Gaýdyberdim dünýeden.

Ýaşam bolsa kän zatlar,
Göterendir bu gerden.
Düşürmän, ýüküm bilen,
Gaýdypdyryn dünýeden.

Taýýar täzeje mazar.
Şehit bormy mendenem,
Gölegçime goşulyp,
Gaýdyberdim ondanam.

Dymyp gelýäs ýolboýy,
Bir-ä erbet möňňürdi.
Gelip otyryn öýe,
Gölegçimden öňürti.

Görsem, meň üçin diňe,
Aglap otyr ýanan şem.
Men öň gelip garaşdym,
Hiç gelmedi gölegçim.

21.09.1998ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 20:01, 17.02.2023
Iller-ä “aglasa ejem aglar, galany ýalan aglar” diýýär.
Bu ýerde bolsa çyny bilen diňe “aglap otyr ýanan şem”.
—-
- Kim-kä o “erber möňňüren?”
- Saňa näme?
avatar

uCoz