MENU

10:09
Men juda söýýärin
MEN JUDA SÖÝÝÄRIN

Sen otyrkañ, gaşym çytaỳsam eger,
Saña ỳaman sözler diỳsem kãỳarym,
Sen umytdan gaçyp, galmagyn derde,
Men juda söỳỳärin, juda söỳỳärin.

Wokzal diñe duşuşuklañ ỳeri däl,
Wokzal adamlaryñ aỳralyk ỳeri.
Giderin
Hem uzak aralyklardan
Aỳralyklañ baryn ỳeñip gelerin.

Iñrik ỳere çöküp, ỳakylsa çyra,
Saçyñ sypamaga degmese elim,
Seniñ özüñ düşünmeli ahyry
Meniñ başga yşga düşenmi gülüm.

Ỳürekde aỳdym kän.
Elde az olar,
Aỳdymym ỳok il ỳüzüne tutarlyk.
Seni unutmaryn
Öwürme ỳüzüñ..

Düşüñỳärin – şunuñ özem ỳeterlik,
Ykbalyña aglama sen gijeler.
Şol yşkym baglapdyr sypabilemok.
Gülüm, düşülen ỳol agyrdyr-agyr,
Indem ondan asyl-asyl dönme ỳok.

Dönme ỳok şol yşkyñ keçjallygyndan,
Oñ ỳürege berỳän melamatyndan,
Iññe bolup bagra batan sözleriñ
Dünỳä çykyp etjek keramatyndan.
Gabanjañlyk etme asyl yşkyma,
Senem sakla şol yşkymyñ sarpasyn.

Häzir bolsa gije çene barypdyr,
Ownuk aladalañ unudup baryn.
Meniñ gaỳragoỳulmasyz işim bar,
Sen ỳatyber, özüm seni oỳaryn.

© Gurbannazar EZIZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Ynam | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 sylapberdimuhamov • 07:32, 07.07.2023
Ỳürekde aỳdym kän.
Elde az olar,
Aỳdymym ỳok il ỳüzüne tutarlyk diýýän şahyryñ nähili kolossal zehine eýedigini özi bir bilýärdimikä? Bilýän däldir diýip biljek däl, onda bu setirler pespälligem-ä dâl?!
avatar

uCoz