MENU

06:45
Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?!

MEN NÄ BU YKBALY DILÄP ALDYMMY

Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?!
Dilenip alnany bormy derdiňem.
Men gussamyň nämedigni soradym,
Bagtly bolmak hakda gürrüň berdiler.

Kalbymdaky aýdylmadyk aýdymy
Çem gelene aýtmakçydym, dözmedim.
Ýalňyşlygym — goşgy ýazýan gyzdanam
Filosofiýa gözledim.

Bigäne günleriň ötdügi bolsun,
Köňlüm içre mährabymdyň syndygym.
Sen bilýäňmi, bu dünýäniň ýüzünde
(Tirkişmyrat ady bilen tanalyp),
Martin bolup ýaşamagyň kyndygyn.

Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?!
Dilenip alnany bormy derdiňem.
Men gussamyň nämedigni soradym,
Bagtly bolmak hakda gürrüň berdiler.

Nesil gazeti
2024-nji ýylyň 2-nji marty.

© Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Garlawac | Теги: Tirkişmyrat Nurýagdyýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz