MENU

15:44
Men — Poeziýaň durnasy
MEN — POEZIÝAŇ DURNASY

Men — Poeziýaň durnasy,
Şu mekan besdir maňa.
Gaýry ülkäň bulutlaram,
Baglarymdan pesdir maňa.

Göçüp başga ülkelere,
Sowatmaryn yssy ýerim.
Sowuk maňa kär edermi,
Ýyly sözden — ganat-perim.

Toýnugymyz göçer gider,
Kemelse-de sany birden.
Gyş göçse-de, ýakynlarym —
Ýalňyz goýmaz ganybirlem.

Ine, şeýdip tapdy:r sebäp,
Uçup, ýaýnap durmagyma.
Buýsanýaryn, bu mekanda —
Poeziýada durnalygma!

© Zergül YLÝASOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 171 | Добавил: Saryýew | Теги: Zergül Ylýasowa | Рейтинг: 2.8/5
Всего комментариев: 9
avatar
0
1 Medicall • 23:45, 21.05.2023
"Gaýry ülkäň bulutlaram,
Baglarymdan pesdir maňa."

Berekella, Zergül, ylhamyñ joşup dursun!

Paýlaşanyñyza minnetdar!
avatar
0
2 Мango • 12:14, 22.05.2023
men-ä durnalara watandaşlyk berilmegini halamadym.
***
farapda, asman serhetlerinde bir türkmen durnasy özbek durnasyna:
"Şu mekan besdir maňa.
Gaýry ülkäň bulutlaram,
Baglarymdan pesdir maňa"
-diýip durşuny hyýalyma getirýän.
özbek durnasam ony jogapsyz-a goýmaz...
avatar
0
3 Medicall • 13:55, 22.05.2023
gaýta gow bolar, "Daglary bar biziň daga meňzemez" diýerlerde bäsleşikli aýdyşyk goşgusyny ýazarlar onsoň her ýurduň durnasy :) ýöne wurşmasala bolýa))
avatar
0
4 Medicall • 13:58, 22.05.2023
Şu teswiriňize:

"farapda, asman serhetlerinde bir türkmen durnasy özbek durnasyna:
"Şu mekan besdir maňa.
Gaýry ülkäň bulutlaram,
Baglarymdan pesdir maňa"
-diýip durşuny hyýalyma getirýän.
özbek durnasam ony jogapsyz-a goýmaz.."

çynym bilen ýylgyrdym))
avatar
0
5 Мango • 14:13, 22.05.2023
daýymdan soradym; özbek durnasy şeý diýjekmiş:
"bizning osmonda turkman turnasi uchmoqda. uni o'z hududinga qaytaring...*"

*biziň asmanymyzda türkmen durnasy uçyp ýör. ony öz serhedine gaýtaryň...
avatar
0
6 Medicall • 15:46, 22.05.2023
Biziňkem ilk-ää şeýdiýer: "poýeziýaň asmanynda serhet bolmaz, men baglar hakda aýtdym, bulutlar hakda aýtym, asman hakda agzamadym:)

soňam:
"Derman - däri suw barka
Ýat ilden suw içmäň siz" diýip aýdym ýazan illerimden aýlanaýyn- diýerde uçar gaýdar biziň durna
avatar
1
7 Saryýew • 19:17, 22.05.2023
Halypa şahyrymyz Oguljemal Çaryýewa şu sözleri ýetirmegimizi haýyş etdi:
Zergül gowy ýazypdyr. Ýöne durnalarda, şygyrýetde, bulutlarda çäk ýok. Şonuň üçin çäksizligi göz öňüne tutan bolsa gowy bolardy. Ýaş gyz, aýdylanlara dogry düşünse, gowy bolar. Göwnüni, şygryny durna meňzeden bolsa. Bulutlar "özümiziňkimikä ýa kimiň buludyka?!" diýen pikir döremez ýaly.
Esasan, logika üns bermeli. Bulut bu ýerde meňzetme manysynda gelmän, bulut manysynda gelýär. Ýalňyşmasam, Zergülüň babasy hem gowy goşgular ýazypdy...
avatar
0
8 Arzuw_Umydow • 09:20, 11.07.2023
Ýa durna goşgyny, ýa, goşgy durnany bulaşdyrypdyr
avatar
1
9 Arzuw_Umydow • 09:30, 11.07.2023
"Men — Poeziýaň durnasy,
Şu mekan besdir maňa -
Şu meknym besdir maňa diýmeklik, göçmezsizligi aňladýar. Durnalar - göçegçi.

Gaýry ülkäň bulutlaram,
Baglarymdan pesdir maňa." - bu setirde-de logika ýok, öz ýurdumyň bagy diýjek bolupdyr.

2-nji bentde düýbünden durnalara gabat gelmezek pikir bar: durnalar yssy ýerin sowatmazlyk däl, howa salkynlap başlandan yssy ýere göçüberýär. Şol bendiň ikinji sözlemi beýanetmegiň liniýasyndan çyksa-da gowy alnypdyr, ony başga obrazda alsa ýerlikli bolardy.

3-nji bendiň ikinji sözlemi ýalňyş: olar gyş gelmänkä göçýarler, sentýabryň aýagy, oktýabryň başynda bu mekany terk edýärler.
4-nji beeeentt... Umuman, durnany we özüni tanamazlyk ondan urdum gylyjy, mundan urdum gylyjy, Emma welin bilmedim, Nirlerde şaňlar ujy? bolupdyr
avatar

uCoz