MENU

07:45
Men saña asla Söỳỳän diỳmedim
Men saña asla "Söỳỳän" diỳmedim
S-nyñ oỳtumyna gaçarsyñ öỳdüp,
ö-den n-syna hem geçmän bilmedim
ỳ-laram ä ỳaly görünỳär göỳdük!

Aytsana bir söze nädip ỳerläýin?
Sözlemlerden ybarat bu dünỳämiñ,
sebäpkäri özüñdigin bilỳämiñ?!

Bilýäñmi şygrymyñ inçeligine
Keşbiñi taraşlap siñdirenimi?
Ukusyz örtenen gijelerime
Yşgym çyrag edip indirenimi?

Neneñ onsañ ỳeke sözüñ içine
Sygdyraỳyn bu ullakan duỳgymy?
Seni ÿitirmekden gorkýan gaỳgymy?

Ynamym,ygrarym wepam hem andym
Bularyñ baryny kalpda güỳledim.
Seni goşgularmyñ şasy kyldymda,
Men saña asla "Söỳỳän"diỳmedim!

© Gülnäz NUREKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: Nurekowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
2
1 Seýrаn • 09:13, 26.07.2024
Goşgyň ady juda klişe bolmak bilen, birinji bendini aýyrsaňam kem däl. Suwjuk okalýar we gaharyňy getirýän goşguda harplamagyň ýöntemje setirleri bar. Gerekmi şol, hany goşgyň syrlygy bärde?

Iň soňky bentde düşündiripsiň sebäbini, şol birinji bentsizem düşnükli bolýar şol, bolman geçsin hatda. Ýene bir möhüm zat, tema gytçylygy ýok how şu DÜNÝÄDE.
avatar
-2
2 Sehirgar • 22:59, 26.07.2024
Näm bolly bu saýda
avatar

uCoz