MENU

19:54
Men saña näme diýsemkäm...
MEN SAÑA NÄME DIÝSEMKÄM...

,,Jan”diýsem, janam amanat.
Men saňa näme diýsemkäm…
Telek zat diýmek — gabahat,
Men saňa näme diýsemkäm…

“Dag”diýsem, her şäherde ýok.
“Gar”diýsemem — baharda ýok.
…Seniň ýaly jahanda ýok,
Men saňa näme diýsemkäm…

Mätäç dälsiň ahyr öwgä?!
Goýma meni beýle görgä
– diýsem, gaýta, gaty görýäň,
Men saňa näme diýsemkäm...

Elenenok aň elegim.
(Wah, birje söz bar geregim…)
Eý, iki dünýä deregim,
Men saňa näme diýsemkäm?!

Gowusy, hiç zat diýmäýin.
Gideýin, soňam gelmäýin.
“Gitme, bir zat diý” diýýärmiň?!
Men saňa… näme diýsemkäm?!

Aýgül GARAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 242 | Добавил: lirika | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.8/8
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Мango • 20:22, 28.04.2023
5 ýyzzyl mennen
avatar
0
2 Saryýew • 20:43, 28.04.2023
Mämmetnazar aganyň "Bu ýeriň ýüzünde bir söz galypdyr, Heniz aýdylman..." diýen setirleri ýadyma düşüp gitdi.
avatar
1
3 Aksary • 01:34, 03.05.2023
Şu goşgyny arada oglanlañ biri gözüne gül salyp okady-da.ýazana-da okana-da uzak ömùr dileýän.
avatar
0
4 Мango • 12:08, 26.06.2024
täzeden okadym. :-)

Gowusy, hiç zat diýmäýin.
Gideýin, soňam gelmäýin.


weý, weý... bir zat diýmän gidibermek bomy?

---
“Dag”diýsem, her şäherde ýok.

köp manyly setirken... :-)
avatar
0
5 aygull • 13:18, 26.06.2024
Şu yssy howada, şu goşgyny, özem öň okan halyňyza, ýene, gaýtadan okamaga ysgyn-mydar tapanyňyz-a haýran galdym, Mango.
avatar

uCoz