MENU

13:10
Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm...

Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm,
Gül keşbiňi küýsänok bu didelem.
Hem, öňki bolşumdan biraz üýtgedim,
Hasrat bilen geçiremok gijelem.

Ýüregimem aglamasyn bes etdi,
Kalbymy gynanok gaýgydyr gussa.
Durmuş şeýle ýaşamagy öwretdi,
Şat aýdym diňleýän ýüregim gyssa...

Gör nähili düşnüksizlik ömrümde,
Ýalňyz wagtyň ýalňyzlygyň duýmasaň.
Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm,
Her demimde ýada düşýäň diýmeseň

Kalbymda ýaňlanýar bir zaryn mukam,
...Men seni çyndanam unutdymmykam???

Söhbet Orazmuhammedow
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Garlawac | Теги: Söhbet Orazmuhammedow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 19:02, 22.02.2024
Üçünji bendiň soňy Rasul Gamzatowyň bir goşgusyny yada saldy:

«...Но ни разу не вспомнил я ту, что любил,
Потому что ни разу о ней не забыл.»


Bu yerde-de erbet ulanylmandyr gapma-garşylykly duygular.
avatar
0
2 Мango • 11:50, 23.02.2024
12345
avatar
1
3 Kyyas • 22:00, 23.02.2024
...Men seni çyndanam unutdymmykam???

Unutmansyñ! Unudan bolsañ goşgy düzmezdiñ.
avatar

uCoz