MENU

23:34
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän...

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Soňky günler maňa bir zad-a bolýa.
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýa.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Seni seredenden gabanyp ýörün.
Käte seň ýanyňda egnimi gysyp,
Kä donuma sygman gabaryp ýörün.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Sen maňa birhili ýowuz görünýäň.
Men seniň ýanyňa baryp bilemok
Hem oňup bilemok saňa görünmän.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Sen meniň elimden gidäýjek ýaly.
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iňňä dönüp ýitäýjek ýaly.

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Göwnüme sen meni söýmeýän ýaly.
Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor,
Nädip saňa duýduryp bor ahwaly?

Men seni söýäýdim —
Söýäýdim öýdýän,
Soňky günler maňa bir zad-a bolýa.
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýa.

© Atamyrat ATABAÝEW

Çeşmesi: ,,Dünýä edebiýaty” žurnalynyň 2015-nji ýylyň 1-nji sanynyň 82-nji sahypasy
Категория: Goşgular | Просмотров: 182 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 garagar • 23:36, 13.01.2024
Aýdymy gowy çykypdyr şu goşgyň.
avatar
0
2 Lacrymosa • 23:47, 13.01.2024
Ine, şu --- Atamyrat Atabaýewiň goşgusy
avatar
0
3 sussupessimist • 00:41, 14.01.2024
Bah, beyleki teswirde goyanymdan tapawutly eken
avatar

uCoz