MENU

17:49
Men söýäýsem..
MEN SÖÝÄÝSEM

Men söýäýsem ölüp-öçüp söýerin,
Dagynam, daşynam, çäge, gumunam,
Men söýäýsem açyk-açyk söýerin,
Özem hiç goýmaryn söýme keminem.

Ýüregni ýüregme basyp söýerin,
Bagryny bagryma gysyp söýerin,
Illere öýkünmen, ýyldyz goparman,
Söýgümi boýnundan asyp söýerin.

Ol-a sähra bolsa, menem ýaz bolup,
Çagba guýup, teşne göwnün suwlardym,
Ykbal ursa şagallara meñzemän,
Uwlasamam gurtlar ýaly uwlardym...

Men söýäýsem, 2-ä dirär ähli san,
Birisi Alla bor, biri (Ol) bolar,
Bir ömüre peşgeş beriljek bolsa,
Meniñ üçin ählijesi şol bolar.

Arman ýöne duş edenok täleýim,
Köñlümiñ tupanam gara ýelmikä?,
Bir zat diýip laññyldaýar ýüregim
,,Ýa men bagt bilen parallelmikäm?...".

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.2/5
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 10:09, 14.06.2023
gahrymanymyz "men söýäýsem" diýýän bolsa, diýmek ol entek söýenok.
söýmeýäniniňem sebäbi – heniz "duş edenok täleýim" diýýär.
"Illere öýkünmejegi, ýyldyz goparmajagy"-ny welin haladym.
maslahat: "söýäýsem" diýmän söýüp göýber...
hemmesi düzeler şonda.
ýa-da hemme zat başlar şonda
(köýmek, ýanmagam içinde) :-)
avatar
0
2 aygull • 13:53, 14.06.2023
Ýüregiň ululygyna görä bolýar söýşüňem, arzuwlaryň ululygyna däl-de.
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 19:56, 14.06.2023
Ýüregiñ ululygy kiçiligi görünýämikäraý daşyndan...)))
avatar
0
4 aygull • 20:12, 14.06.2023
Ýok, daşyndan görünmez ol. Edýän işiňden bildirer.
avatar

uCoz