MENU

00:42
Men ynanjañ, gel ynandyr...

Men ynanjañ, gel ynandyr,
Soñam oduña ýak meni,
Öwrenşen tenim, ýanmasam,
Zäheriñ bilen çak meni.

Ýuw ýüregmi, ýa-da kirlet,
Gül açmaz çöllükde gunçam,
Ýöne gitme durmuşymdan,
Ömür ýetmez unydynçam.

Diý, diýiber näçe diýseñ,
Kemsitseñem, kemsinmerin,
Ýöne bilmänler gezmäýin,
Sensizlikde nä ederim.

Ur dulugma, ýumruk bilen,
Tenim awasyn, ynjaman,
Diýsem bir gezek diýerin,
Durmuş ýaly zol ýanjaman.

Isle, erkimi ýitirip,
Erkiñe baglaýyn ýüp ber,
Zor bilen saklamok, ýöne,
Eý ruhym! Haýyş gitme!...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 152 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:47, 25.05.2023
…oduña ýak meni,
…ýanmasam,
Zäheriñ bilen çak meni.

Bir ýaşuly bardy, aýaly barada gürlände “öýdäki aždarha” diýerdi :-)
Oň “aždarhasy” belki ony “ýakýady, çakýady”…
—-
Isle, erkimi ýitirip,
Erkiñe baglaýyn ýüp ber

Erkini ýitirene ýüp bermek gaty howply zat….
Alla gorasyn… :-(
avatar

uCoz