MENU

09:36
Meni maña gaýtarsynlar...

MAÑA MENI GAÝTARSYNLAR

Eý adamlar,
Sözi asal adamlar!
Meniñ tutuklygmy göwne almañ siz,
Ynjamañ siz agras çyksa sözlerim.
Size däldir didelermiñ kinesi,
Sizden däldir ýaşa dolsa gõzlerim.
Takdyr maña tukat ykbal eçilip,
Alçaklygmy girdabyna ýyllaryñ
Oklady-da heýhat goýdy ornuna.
Işim bolmaz hile bilen, al bilen,
Sulhum almaz şelayynyñ gybatyn.
Il syryna sandyk boldum, azmadym,
Õz janyma gyýdym, dosta
gyýmadym,
Ah, men ykbal bilen ýalñyz sõweşdim
Tamakin bolmadym "bar men" diýenden
Aman dilemedim her öñýetenden.
Baş egere merdiñ merdin gözledim...
Iñ soñy bu ykbal utdy daraşyp,
Meni menden alan ýyldan soraşyñ,
Ygyp galdym men özümden azaşyp.
Eger mümkin bolsa tapyp alajyn--
Maña "Meni" gaytarsynlar, haýyşym!

2015 ý.

© NURDAN
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 5.0/7
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Mekan2 • 10:24, 13.12.2023
gawy.

şu ýerini
Il syryna sandyk boldum, azmadym,
şeýle okapdyryn başda
Il syryna sandyk boldum, açmadym,
avatar
0
2 Мango • 17:48, 13.12.2023
Õz janyma gyýdym, dosta
gyýmadym

gyýmak has agyr dälmi?
belki: Õz janyma dözdüm, dosta
dözmedim

türkçede "jana kyýmak" janyňa kast etmek manysynda ulanansoň, belki "janyma gyýdym" bir hili eşdilendir.
türkmençe-de o many berýänem däldir belki.

Meni menden alan ýyllar....
gowy tapyndy... bizi bizden alnyp-alnyp ahyram jennetde 33 ýaşlarymyzda yzyna beriljek öýdýän.

Maña "Meni" gaytarsynlar, haýyşym!
umuman, bu haýyş ahyrete galýar.

5-likçi goşgy.
avatar

uCoz