MENU

22:53
Meni otla mündüriň!

Exclusive

MENI OTLA MÜNDÜRIŇ!

Wokzalda garaşyp irikgä boldum,
Ýolagçy men, goş-golamym känem däl.
Ýüregim gitmäge juda höwesek,
Men bu ýoldan häli yza dänen däl.

Dänmekçi däl, meni otla mündüriň,
Han-a, tiz ýöreýän otlam ýakynda.
Eý, ýolbelet agam, elimden bir çek,
Biz gürrüň edeli ýazgyt hakynda.

Ýolagçykam sözüm kesä çekmäň siz,
Ýürekde bar zady goşgyma salýan.
Men ýolagçy bolmak üçin her gezek,
Nobata garaşyp ýolpetek alýan.

Meni otla mündür, göwnüm üçin-de,
Belki, soňy bilen açylar ýolum.
Kä wagonlar seýrek-seýrek adamly,
Kä wagonlar meňzeş barýana dolup.

Eger ugur ýitirsem ýa-da ýol ugra,
Sesim ýetmän, asgyn gelip başlasam.
Eý, ýolbelet, şonda öýkäme bakman,
Gidiber stansiýa meni taşla-da.

Näbelli bu
kimler otluda barýar?!
Kim ýolagçy boldy dünýä gelenden.
Isle göwnüm üçin,
isle il üçin,
Meni otla mündür, çek-de elimden.

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: kysmat | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Seýrаn • 12:03, 10.02.2024
Mundurin shuny otla! Sebabi wokzal bilen otly shu gune cenli hyryn-dykyn dolup, sansyz gezek simwolika owruldi.
avatar

uCoz