MENU

15:41
"Meniň ömrüm..."

***
Meniň ömrüm… ah, şeýledir ýogsam-da…
Görmedik bolarmy Aý dek dogsam-da…

Derwüşiňkidenem ýörgür aýaklam
Baýnadardy Allaň alnyna eltip.
Etmedik etmişim üçin özgäniň
Sözünden ýürekde galmazdy bertik.

Gamyň kenarynda zar-zar aglaýyp,
Şor-şor gözýaşlarmy seçeläp ýörmän,
Arzuwyň tizligi bilen aýlanyp,
Arzyly kenarna düşerdim derýaň.

Ukusyz ellermiň bakylyk beren
Sözi üçin ilim meni magtardy.
Aýralygyň demir ýollary bilen
Barýan otlym bireýýämler togtardy.

Ýogsa ýeke pursat bakylyk bolup,
Bakylyk bir pursat bolup durmazdy.
Ýolumy sermeläp, sargaryp-solup,
Batyl bagtym ýanym alyp durmazdy.

Ylgadygymsaýy uzalyp menzil,
Çekdigimçe agralmazdy bu derdim.
Uçjak bolup uçup bilmän kösenip
Durman, al-asmana siňer giderdim,
Aýlanardym sergin sonaryn dünýäň.

…Meniň ömrüm bir garybyň düýşüdir,
Ýatandyr biçäre oýanyp bilmän.

© Gurbandurdy ORAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 138 | Добавил: sussupessimist | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Mekan2 • 10:02, 13.04.2024
…Meniň ömrüm bir garybyň düýşüdir,
Ýatandyr biçäre oýanyp bilmän.

gowy. Nobatgulyda-da şuňa meňzeşräk setir bardy öýdýän, aşygyň düýşüdimi nämemi.

Gurbandurdyň bal güni bar bolmaly-da, hany, diýýäler-ä "aç towuk düýşünde özüni arpa harmanynda görermiş"

meňki biriniň garabasmasy bolmaly. enşalla bir gün oýanar, enşalla bagtly biridir.
avatar
0
2 ToylyOraz • 23:27, 18.04.2024
Говы язшын камил
йоне Чапраз пикирлер бар,
"Derwüşiňkidenem ýörgür aýaklam
Baýnadardy Allaň alnyna eltip."
бу сози диймеклик догрымыка, она ылыммыз етярми шоны овренмели!
Алланын алнына бармак..? аяклар элтями? Байнатмалы айаклармы?
..
Эгер язанларымда ялныш болса Бейик Алла ве бендеси багышласын!
Тесвир годек болса отунч сораян
Сен камил язян соз ек!
avatar
0
3 Aýgül_Baýadowa • 23:31, 18.04.2024
Toba, toba! Alla rehim etsin...
avatar

uCoz