MENU

18:34
Meniñ şeýle gyzym bolsa
MENIŇ ŞEÝLE GYZYM BOLSA


Näçe söýsem az görünse,
Duýgusynda ar görünse,
Gözlerinde Aý görünse,
Meniň şeýle gyzym bolsa!

"Ah!" diýemde duýup bilýän,
Her dem Haka uýup bilýän,
"Käbäm bar-a!" diýip bilýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Bir enaýy bagty boljak,
Süleýmanly tagty boljak,
Tüm gijede ýagty boljak,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Gözlerinden kuýaş ýagýan,
Ýüreginde Güneş dogýan,
Maňa "Entek sen ýaş!" diýýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Bolsun onda dogan, gardaş,
Diýsin: "Gel-ä, bäbek gundaş!",
Gözlemesem başga syrdaş,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Belki, eýýäm bardyr sizde!
Şatlyk bolsun ýürek, gözde,
Düşünýän kän ýeke sözde,
Meňem şeýle gyzym bolsa!.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.8/5
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 19:39, 20.03.2023
Näsin aýdýaň, mende-de ýok şol-a, Karkaraejekem, meňem şeýle gyzym bolsady))
Ogullarňyza uzak ömür bersin, goşgyny haladym! Galamyňyz ötgür bolsun!
avatar
0
2 BayramberdiGeldimyradov • 21:13, 20.03.2023
Kyýaş näme diýmekkä?
avatar
0
3 Medicall • 21:16, 20.03.2023
Harp halňyşlygy giden bolaýmasa
avatar
0
4 Medicall • 04:08, 21.03.2023
Kuýaş ekeni - harp ýalñyş gidipdir, düzeldildi,
avatar

uCoz