MENU

14:16
Meñzeşlik
MEŇZEŞLIK

Ýürek törümizde söýgüni gizläp,
Diñe pynhan duýgy bilen sözleşdik.
Gezmesek-de bir-biregi ezizläp,
Biz juda meñzeşdik,juda meñzeşdik.

Senä a:şa gedem,şonçarak menem,
Ne-hä söýüp,nede söýlüp başardyk.
Beýle meñzeş bolmasadyk ikimiz,
Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk.

Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk,
Gyşy getirmezdik ömrüñ ýazyna,
Gör-ä muny,şum ykbalyñ özi hem,
Bizi hüwdüläpdir meñzeş sazyna.

Wagtal-wagtal suratlara bakýarys
Sorap durmasak-da ýagdaý halymyz,
Ömrümiziñ kemi artygy bilen,
Bir almany iki bölen ýaly biz.

Berilmedik wadañ gapysyn kakyp,
Ýaýdanyp durmazdyk ondan girere.
Umyt monjygyny gezmezdik dakyp,
Meñzemedik bolsak birek-birege.

Men-ä indi aýralykdan ýadadym,
Sensiz pursatlary ütüp ýolýaryn.
Ebeteýin tapyp geçýän günleriñ,
Saña indi meñzemejek bolýaryn!!

© Gülnäz NUREKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Gülnäz Nurekowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 16:55, 12.07.2023
Bee, kimka gyy, bu gyzyñ meñzeşdeşi)))

@Baýram, jigim, ýene ýetirip dur, öñ özem agza bolupdy Gülnäziñ, belki soñ girip bilmedi saýta niki bilen?!

Goşgularyny haladym, ylhamyna bereket!
avatar
0
2 Мango • 09:47, 13.07.2023
- "Wagtal-wagtal suratlara bakýarys..."
- özüň-ä düşnükli bakýanyň. ýöne ol "meňzeşiňiň" surata bakýanyny nä bilýäň?
- aýdyp dum-a "biz ikimizem juda meňzeş" diýip. men surata baksam, olam bakýandyr...
- dowry, ony pikirem etmändirin...
avatar
0
3 Мango • 09:54, 13.07.2023
meňzeşlik barada.
ikisem ýuwaşja bolandan,
ýa ikisem betje bolandan,
biri ýuwaşja, obiri betje bolsa (ýa bubiri betje, obiri ýuwaşja bolsa) has gowy ýaly ýaly.
şonda ikisiniň energiýasy sazlaşýan bolamasa.
ikisem meňzeşje ýuwaş bolsa.... kyn-da o.
ýa ikisem betje bolsa... oýam kyn. :-)

interesnyý goşguda-da ikisem ýuwaşja не решительный eken. dogry, ýöne gahryman soňunda "men indi saňa meňzimejem" diýip dogry karar alan eken.
avatar

uCoz