MENU

11:34
Miniatýuralar

MINIATÝURALAR

* * *
Bir goşgy ýazdy. Özüne düşündirdiler.

* * *
…we bir gün, adatdaky bolşy ýaly, öýe geldim: ýok ekenim.

* * *
Ýerzeminde, kyrk alty ýaşynyň içinde, ýetip gelýän ýigrimi üçünji doglan gününe bagyşlap goşgy ýazmaga başlady we arheologlara selfi düşüp ugratdy.

* * *
Şeýle bir çuň pikirlendi… Iň soňunda gitdi-de, mazardaşyndaky suratyny dyrnaçaklady, adyny pozdy.

* * *
Ýürekden ýaşady, kelleden atyldy, bagryndan asyldy, ruhundanam kowdular neressäni.

© Rahat Şyhyýew

* * *

Duralgadaky ýaş gelin telefonyny öçürip, begenjine: “Buşluk, oglum bolupdyr!” diýdi-de, mylaýym ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym.

* * *
Olar älem giňişligine uçdular. Gelenlerinde dünýä ýerinde ýokdy.

* * *
Sapançany aýna çenäp, mäşäni gysdy we assadan ýere ýykyldy aýnadaky sudury.

© Begençgeldi Orazow

* * *
Pul ýagýar. Topulmaga adam ýok.

* * *
Ýene-de basyrganypdyryn. Düýşümde, oýanýamyşym.

* * *
Sagadyma seredýän, her gezek bir zat görkezýä. Aldagçy.

© Umyt Küle

BIR ÖMÜR

Neresse bary-ýogy alty gün ýaşady we bütin ömrüni aglap geçirdi.

© Mukam Muhamow
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 381 | Добавил: Katalizator | Теги: Rahat Şyhyýew, Begençgeldi Orazow, Mukam Muhamow, Umyt Küle | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 15
avatar
0
1 Ýaran_Ýagmyr_99 • 12:43, 14.01.2024
Şularyň käbiri durmuşda bolýan zatlar:

"Bir goşgy ýazdy. Özüne düşündirdiler."
Bu bizde düzgüne öwrülip barýar.

"Şeýle bir çuň pikirlendi… Iň soňunda gitdi-de, mazardaşyndaky suratyny dyrnaçaklady, adyny pozdy."
Käbir ýurtlarda, meselem, Eýranda käbir adamlar entek diri, sag gezip ýörkäler öz guburyny doly gurup, birkemsiz
taýýarlap goýýarlar. Diňe ölen wagtynyň ýazgysyndan galanyny.

"Duralgadaky ýaş gelin telefonyny öçürip, begenjine: “Buşluk, oglum bolupdyr!” diýdi-de, mylaýym ýylgyrdy."
Geň galarlyk hiç zat ýok. Surrоgat eneden oglunyň bolandygy barada habar berendirler. Şeýle çagalar indi millionlarça.
avatar
0
2 sussupessimist • 12:58, 14.01.2024
Öňem okap, halapdym.
Käsi çaaalaja taraşlansa, iki-yeke artyk sözler ayrylsa, hasam gowy bolardy. Meselem, "we"-leriň käsini , belgisi bn çalşyrsa bolar.
...yone bu meniň bolgusyzja perfeksionistligim.

Mukamyň ilkinji proza eseri bolsa gerek şü...))

Edil Kesgir sözler kategoriyasyna degişli etmek yalňyş bolaymasa. Bular aforizm däl ahyry.
avatar
0
3 Medicall • 12:59, 14.01.2024
@Ýaran Ýagmyr_99, size "pikirler bölüminde duýduruş bar. Tanyş boluñ!
avatar
0
4 Medicall • 13:16, 14.01.2024
Awtorlaryñ hersiniñ öz tegine düşer ýaly aýratyn açylmaly ekenmi post, ýa-da ikisiniñ-de tegini ýazmalymy? Haýsy amatly bolsa garşy däldiris, Katalitazator dogan))
avatar
0
5 Katalizator • 13:21, 14.01.2024
@sussupessimist hawa, kesgir sözlerä degişli däl. Haýsyna goýjagymy bilmedim. Näme etjegimi bilmän şonda goýdum.
avatar
0
6 Katalizator • 13:24, 14.01.2024
@Nurdan hanym, Hemmesini bir tegde goýup bolarmy?
avatar
0
7 sussupessimist • 13:29, 14.01.2024
Hekayalara goyup goyber. Syuźet bar, gahrymanlar bar...

Tegde dördüsiniňem adyny arasyna "," goyup yazsaň, bizden soňkulara kiçijik yadygar bolar))
avatar
0
8 Katalizator • 13:39, 14.01.2024
Heýalara goýdum. Tegi indi men goýup bilemok ekenim.
avatar
0
9 Medicall • 13:50, 14.01.2024
Dört awtor ekena, hersine aýratyn goýup bolyar tegi.
Sizde bar ol mümkinçilik, post gapdalyndaky nastroýka şekiljigine giriñ, şol yerde teg nastroyka bardyr
avatar
0
10 Katalizator • 13:55, 14.01.2024
Goýdum. Öwredeniňiz üçin minnetdar)
avatar
0
11 Мango • 19:36, 14.01.2024
Sagadyma seredýän, her gezek bir zat görkezýä. (Aldagçy). Aldawçy.
avatar
0
12 Katalizator • 01:57, 15.01.2024
@Nurdan hanym näme üçin käbir goşgular goýlanok? Näme sebäpden aýrylýar?
avatar
0
13 Medicall • 06:35, 15.01.2024
awtorlañ özünden birugsat goýmañ. Ol awtor öñ bir ýyl mundan owal bu saýta göwni ýetmän, hapa-hapa sögünip giden awtor. Size-de özi goýmadyk zadyny bu ýere goýmazlygyñyzy
maslahat berýan.
avatar
-1
14 Katalizator • 15:33, 15.01.2024
Awtoryň özi bilen baglanşykly ýagdaýa onuň eserleri günäkär dälmikä diýýän. Men ol awtoram tanamok, sizäm. Ýöne käbir ýazanlaryny gowy gõrdüm we paýlaşmak isledim. Men bir ýerlerden nomerini tapyp özi bilenem habarlaşyp görerin.
avatar
0
15 Nurdаn • 15:44, 15.01.2024
AWTORYŇ ÖZÜNDEN BIRUGSAT PAÝLAŞMAK BOLANOK. meň çykaran hokgam däl ol. şonuň üçinem diýýän şony. birinji "Aвторское прaво " diýen bir zat bolmaly şony doly öwreniň.
avatar

uCoz