MENU

02:05
Minnetli aş
MINNETLI AŞ

Minnetli aş ýagyr eder,
Iýmäniň gowy aslynda.
Alkyş dileg kömek eder,
Imanyň bolsun kalbyňda!

Dostuñ duşman bolsa eger...
Olam mydam seň kastyňda.
Nalyş gargyş saňa deger,
Hiç Gargynma sen aslynda!

Daýhan oglan bagda belli,
Görip ýel- ýüwmek daşynda.
Goç ýigitler ilde belli,
Gowgasy kändir başynda!

Boljak oglan başda belli,
Täç geýdirme sen başyna.
Boljak gelin toýda belli,
Soň Timar almaz gaşyna!

Nebsi ýaman zulum eder,
Nur görünmez oň ýüzünde!
Haý haý uran gözellermiz,
Şyk görünmez oň ýüzünde!

Bir gözele düşse höküm,
Ýigit pahyr lala meňzär!
Oň elinden gitse höküm,
Bir naýynjar gyrnak neýlär!

Awtory Akmyrat Muhammetberdiýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: TmBürgüt | Теги: Akmyrat Muhammetberdiýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 8
avatar
1
1 Medicall • 09:45, 08.12.2023
bagyşlaň, entek muny gowy syntgylamaly, bişirmeli, artykmaç sözleri aýyrmaly...şu ýerde üstünde işläbem bilersiňiz okyjylar maslahat berseler... ýüklän suratyňyzam oňlamadym, ony goýmadym şoň üçin, ters zatlar gerek däl... goýulýan eserleri, suratlary hemme taraplaýyn seljerip goýulmasa bolmaz... başga surat ýükläýiň, goýaýarys, dogry düşünersiňiz diýip umyt edýärin
avatar
0
2 Анонимно • 10:23, 08.12.2023
Maslahatyňyz üçin sag boluň! Goýan suratym meniň nyşanym hasaplaýan. Şonuň üçin goýdum! Bagyşlaň siz şu saýtyň adminimi?
avatar
0
3 sussupessimist • 11:21, 08.12.2023
nyşanym?
avatar
0
4 TmBürgüt • 11:25, 08.12.2023
Herkimiň özünde bir zatlara bolan ynamy ynanjy bolýar. Şeýle hem bu türkmene mahsus zat. Oguz han, seljuklar... Ýaly döwletler özüniň nyşanlaryny göteripdir. Soňra biz olara baýdak diýip at berýäris. Aslynda ol nyşanlar olaryň üstünligi bolan ynançlary
avatar
0
5 sussupessimist • 11:26, 08.12.2023
Dogrusy, görüp yetişmedim, yöne imo-da paylanyan, gapdalyndanam telefon belgisi goyulyan haryt nyşanly goşgulary yada saldym, hemem awtoryň adyndan çen tutup, deduktiw metod arkaly gelen netijäm dogry bolsa...
Bet nyşan!
avatar
0
6 TmBürgüt • 11:29, 08.12.2023
Deduktiw metod diýeniňize düşünmedim
avatar
0
7 sussupessimist • 11:39, 08.12.2023
Google aga yüz tutsaňyz, "Bizden salam bolsun, jogap şeyledir" diyse gerek.
avatar
0
8 TmBürgüt • 12:10, 08.12.2023
Habary Google agadana aldyk. Bizden soňkylara ýadygär galsyn diýýär
avatar

uCoz