MENU

09:24
Monolog
MONOLOG

Men gyşda gelenem bolsam,
Ömür diňe gyş däl ahyr.
Ol aýlanyp duran çarhy-pelek, ýaz-u- gyş.
Iller kimligimi bilenem bolsa,
Bilmedigem bolsa,
Diýmeseler gowudy maňa şahyr.
Maňa: “adam bol” diýp zynharlan peder,
Asmanlardan diläp beripdir bir yşk.

Käşgä
Äşgär edip bilsem ony,
“Erbet!” diýip bilen adamlarym hem
Perişde mysaly-nurdan ýasalan
Garşymda epilmä bolmazdy garşy.
(meň nämäme gerek olaň sejdesi)
Ýöne meniň ýüregimde ýanýan ot,
Ýaşap ýören ynsanlara ýat gelýär,
Düşündirip bilemok men.
Düşündirip bilemok.

Peşeneli pirleň gadym ýolunda
Ýa-da ýol ýitirip, galdymmy derde?!
Men yşkyň ýükünden däliräp barýan,
Maňa adam bol diýip zynharlan peder!
Gözlem girýan,
Kalbym gussaň çadyrna girýär.
Ne-hä Mejnun bolup başardym,
Ne bir şahyr boldum,
Ne-de adam bolup başardym.

Dostum bolsa habar gatýar alysdan:
-Nirelerde gezip ýörsüň, galandar?
Onuň sesi arşdan inýän perman deý,
Menem diýýän:
-Ýaşap ýörün-äý, öz-ä...
-Geziber dost-uludan bir dem alýar.-
Seniň köňlüň köňullerde şa ahyr!
Men dymyan, bir salym demimem saklap,
Hem diýýän:
-Wah, adam bolmazdan ozal,
Nämüçin bolmakçy boldumkam şahyr?

Bir zat bolsa anyk
Özümem bilýän,
Tä ölýänçäm ýanyp,
Öçmese yşyk,
Ýanyp-öçüp subut edip giderin,
Näme üçin doglandygym gara gyş.

20.01.2023ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Bagabat | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 9
avatar
0
1 Мango • 16:39, 20.01.2023
gyzykly.
-Wah, adam bolmazdan ozal,
Nämüçin bolmakçy boldumkam şahyr?

şu ýerinde bir pikir kellä geldi: diýmek hemme adam şahyr däl, hemme şahyram adam däl...
gyzykly. ikisini bir ýerde jemlemek kyn bolarly.
Sylap kaka-da üstünlikler.
minnetdar.
bu stili halaýan.
avatar
0
2 Kyyas • 17:15, 20.01.2023
Gaty, täsirli ýazylypdyr.
avatar
1
3 Mekan • 21:55, 20.01.2023
Öňki pikirimi gaÿtalaýyn. Sylap gowy goşgy yazya. Yokarkydan başga-da gowy goşgularyny okadym.

Kyssada onýaly dä. Erbet däli baram weli. Şahyrlyk tarapy üstün. "Adamlyk" tarapy hasam üstündir, enşallah.
avatar
0
4 Medicall • 00:29, 21.01.2023
"Nämüçin bolmakçy boldumkam şahyr?
Ýöne meniň ýüregimde ýanýan ot,
Ýaşap ýören ynsanlara ýat gelýär,
Düşündirip bilemok men.
Düşündirip bilemok."
avatar
0
5 Medicall • 00:42, 21.01.2023
"Ýanyp-öçüp subut edip giderin,
Näme üçin doglandygym gara gyş."

Şu ýerde bir sowal ýüze çykdy: doglan pasyllary adamlaryñ ykbalyna täsiri barmyka diýip.

Ýyldyzlañ täsiri bar diýilýar, pasyllar barada G. Ezizow baharda doglupdyr, emma ol ir gitse-de, näçe ýyllar ötse-de halkyñ hakydasynda şol juwanlygyna galypdyr. Güýzi näçe wasp etse-de ol mydam ýaz ýaly ýaşlygyna galypdyr..

Ýene bir ýerde biri ýazypdy, fewralda diñe gowy adamlar dogulýar diýip))

Bu pikir Sylapberdiñ goşgysynyñ täsirinden peyda boldy, eýýam bu goşgy bir adamy dogulmak, ömür, adamlar, bakylyk gowulyk hakynda oylandyrdy, diymek bu hakyky ESER!
Ylhamuna bereket, galamy ýiti bolsun!
avatar
1
6 Kyyas • 00:57, 21.01.2023
. Hakyky
avatar
0
7 Medicall • 01:18, 21.01.2023
Ina menem doglan gün barada täsirlendim bu goşgyny okap:

Ilkinji gününde açyp gapysyn
Dañy garşylanda altynbaş Güýzüm.
Başlanypdyr Eje, sanap nepesi
Seniñ dünýä beren Güýzgöwün gyzyñ.

Belki şol sebäpdir ykbal şasynyñ
Agras hüllesini atyp egnime
Ähli köñüllerden bahary idäp,
Ýüreklere Ýazy paýlap ýörenme.
avatar
0
8 Kyyas • 01:20, 21.01.2023
Gowy çykypdyr,Güýzgöwün gyzyñ
avatar
0
9 Medicall • 08:18, 21.01.2023
Sagboluñ, Minnetdar!
avatar

uCoz