MENU

19:59
Muhabbet synagy
MUHABBET SYNAGY

Tünlerde tutaşdy hijran ataşy,
Gökdäki bulutlar dökmedik agym.
Gyzyl köz deý ýanýan şol dolan Aýam,
Ýüregmiñ togalak keşbi-dä agyn.

Didelem zar galdy mährem nazara,
Sumbar deýin inçelipdir göwrämem.
Penjiräni açyp goýgun, bararyn
iñ bolmanda düýşlerimde görmäge.

Ýitirdim gyzykly hem has hyjuwly,
Ýaşlyk filmimiziñ gymmat bildini.
Men señ gujagyña dolmaly günlem,
Bagra basdym kitaplaryñ jildini.

Bir wagt bir pursat hijrana dözmän,
Depä çykyp dürbi bilen synlapdyñ.
Indi aýlap gujagyñy boş goýup,
Men özüme "zalym magşuk" at dakdym.

Meger aşyklaryñ ýazgydy şeýle,
Iñ ejiz ýeriñden synaýar ykbal.
Ynan,synag ahmyrlara nokatdyr
Ak setir duşuşyk getirer hökman.

© Meñli Aşyrowa

Arhiwden
Категория: Goşgular | Просмотров: 101 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 derwushhana • 01:11, 17.02.2024
Iň soňky iki setir gowy eken
avatar

uCoz