MENU

21:27
Munda eziz obam barka

MUNDA EZIZ OBAM BARKA

Daş ýerlere gitmäýin-le
Munda eziz obam barka.
Soňsuzlykda ýitmäýin-le
Munda eziz obam barka.

Ýat-ýat obalar öwüler,
Ynanýan, kändir gowular.
Ähli ýetmezim ýuwular
Munda eziz obam barka.

Duýdum dünýäň nämedigin,
Sözlem däne-däne deýin,
Başga ýeri nämedeýin
Munda eziz obam barka?!

©Güneş MAKSADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 136 | Добавил: Pegas | Теги: Güneş Maksadowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Мango • 23:57, 29.03.2024
obaňdan çykman oturmak, gaty bir gowy zadam däl...
çykmak gerek, gitmek gerek, görmek gerek... obaň näçe ezizem bolsa...
avatar
1
2 aygull • 00:37, 30.03.2024
Obañ ezizdiginem şonda bilmeseň, nädip biljek. Belki bu gyzam başga ýerleri görüp, onsoň diýýändir?!
avatar
0
3 Seýrаn • 08:32, 30.03.2024
Oturaýsyn onda obasynda.
avatar
0
4 Mekan2 • 09:56, 30.03.2024
gowy obalary bar eken. emma Güneşiň obadaşlaryna kiçijek tankytjygym bar: obada kän agaç ýok eken. terk edilen oba ýaly, stolbadan başga dikgi duran zat görnenok. iň bolmanda tut bir ekäýmel-ä, şo kän suw talap edip duranok. kökleri tiz ýer asty suwlaryna ýetýä. soň suwarma gerek däl. bulaň obasy çägesöwräk eken. iň bolmanda ýylgyn ekmeli weli, boş goýmaly dälläý.
avatar

uCoz