MENU

12:25
Mynajat
MYNAJAT

Ýa Ýaradan, öz ýaradan,
Bolgusyzja naçaryň men.
Meň bu garypja külbämiň,
Ýalňyz altyn açary — Sen.

Horaşaja oraçama,
Bu dünýe-de, o dünýe-de,
Sygýar bütin geçmiş, geljek,
Ýüregime, goşa didä.

Meň nämäm bar, meň janymam,
Amanat ahyryn jesetde.
Şükür, Allam, üşk berdiň,
Dünýe baýlygy esetsem.

Gözlemedik ýerim ýok meň,
Taňrym, men seni gözledim.
Ah, tapmadym men hiç ýerden,
Hem seň ýok ýeriň görmedim.

Barlygyňa ynanýan men.
Öz dünýämde galyp tenha.
La ilaha illallaha,
Muhammed resul Allaha!

25.11.1998ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
2
1 Мango • 17:14, 04.02.2023
Barlygyňa ynanýan men.
Öz dünýämde galyp tenha.
La ilaha illallaha,
Muhammed resul Allaha!

soňky kupletde:
ynanýan barlygyňa,
Allahdan başga ilähyň ýokdugyna,
Muhammediňem Allahym resulydygyna... diýýäň.

soňkyja arapça ýerilerine türkmençe goşulma goşýanja ýeriňi, özüm bolsa-ha şeýderdim:

Barlygyňa ynanýan men.
Öz dünýämde galyp tenha.
"La ilaha illallah"-a,
"Muhammed resul Allah"-a!
avatar

uCoz