MENU

11:15
Naçar dogana
NAÇAR DOGANA

Naçar doganym, bagyşla,
Gatnap kän dabaralara,
Wagtymam bolmady seniň,
Halyňdan habar alara.

Eger maňa bir zat bols-a,
Ilki sen ýyglap gelersiň.
Men-ä sypynyp bilemok,
Belki, sen ýygrak gelersiň.

Wagt tapmadyk bolup ýörün,
Gapyňyzdan esetmäge.
Gerekmikä naçar dogan,
Bir öleňde ses etmäge?!

GÖRÜP GEÇ...

Görüp geç naçar doganňy.
Gyssanýan bolsaň gidiber,
Oturyp içip-iýme-de,
Ýöne görüp geç,
Gaýdyşyn
Görüp geçerin diýme-de.
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Bagabat | Теги: Atajan Annaberdiýew | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 14:35, 17.04.2023
gowy goşgular eken.
avatar
0
2 Pero • 20:59, 17.04.2023
Hawa,gowy!

Suratdaky zenan owadan eken. Emma ters gapdaly saýlanyp çekilen ýaly. Adamyñ keseliginden görnüşi deñ görünmeýär. Bir tarabyndan(meselem,saga seretse) has owadan ýaly beýleki tarabyndan(m/m çepe seretse) şol gözelligi kemterräk ýaly görünýär. Şonuñ üçin diýdim,şu suratda seretmeli tarabyna seretmändir zenan.
avatar

uCoz