MENU

15:11
Näme diýseñ diý

Bir gün senden sorasalar men hakda:
"Men bilemok, bir zatlara boldy" diý,
Ýene gaýta-gaýta sorag berseler,
"Meniň birje sözüm üçin öldi" diý.

Ol näme söz sorasalar ýene-de,
"Ol durmuşdan geregini aldy diy",
"Bir meň bilen bir ömüri geçirmek,
Bar islegi bar arzuwy şoldy" diý.

Ony däl-de arzuwlarmy saýladym,
Ol hakynda pikirlerim söndi diý,
Ýok-ýok gorkmaň ol entegem ýaşap ýör,
Diri halda arzuwlary öldi" diý.

© Baýram BEJIDOW
Просмотров: 84 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz