MENU

12:21
Näme Sen?!

NÄME SEN?!

Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!

Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!

© Magtymguly PYRAGY
Просмотров: 277 | Добавил: Medicall | Теги: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Pegas • 12:45, 24.08.2023
Şuny aýdym edip Leýli Ökdirowanyň aýdyşyny gowy görýän.
avatar
1
2 Мango • 12:57, 24.08.2023
Magtymguly "näme sen?" diýip soraýan öz soragyna özi jogap berýär: "Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan..."
Ol her zat, ol jahana doly... Ony eseri bilen tanamaly...
avatar
0
3 Medicall • 16:53, 24.08.2023
Leýli Ökdirowanyñ aýdymyna gabat gelmedim, Päliwan Halmyradowyñ aýdyany bar:

https://aydym.com/song/show/6260/palwan-halmyradow-name-sen
avatar
0
4 Medicall • 20:20, 24.08.2023
"Näme sen" -i şol goýan ssylkmadan Päliwandan soñ Ogulbibi Reýimowa aýdýan eken, fuuuu diñe "aýdyan eken diyäýmeli, biderek edipdir welin ne gözel goşgyñ manysyny gaçyrypdyr, Soñ iki aýdym soñ Ýagmyr Gurbannazarowyñ okamagynda-da bar şol adresde, gowy okaýar
avatar
0
5 aygull • 14:06, 18.05.2024
Züleýha-da çykardy öýdýän şu goşgyny aýdym edip täzelikde.
avatar

uCoz