MENU

17:54
Nar ekipdik seniň bilen...

NAR EKIPDIK SENIŇ BILEN

Nar ekipdik seniň bilen
Ýakasyna suwly salmaň.
Ol meň hakydama siňen,
Bilmen ony ýada salman.

Gam çekýändir o nar şindem
Düýn ulalmaga howlugan.
Haraý-dalda isläp senden,
Garaşýandyr bir gowluga.

Ýöräp görmekdir hyýaly,
Başynda bolsady kändir.
Ýöne olam meniň ýaly
Bu dünýä düşünýän däldir.

Derdini hiç kim bilmese,
Ahmyr ony ýakar bu gün.
Ol bozulýandyr diňlese,
Aýdymyny akar suwuň.

Guşlar bolsa şahasynda
Aýralyga aglaýandyr.
Dogan!
Salmaň ýakasynda
Heý bir zatlar aňlaýarmyň?

© Kakamyrat ATAÝEW

Çeşme:biz.islenen.ru
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Medicall • 19:50, 12.03.2023
Nar ýöremäge hyýal edýän ýeri bolmandyr. Baglara janly diýilýär, bu dogry. eger şahadaky naryň ýöremäge hyýal etmesini başga manyda meňzetme alynanam bolsa bu düzüm gelişmändir.
avatar

uCoz