MENU

23:08
Nätanyş ýakynym

NÄTANYŞ ÝAKYNYM...

Öwünjek men, öwünmäne hakym bar,
Sen mähriñ çeşmesi, mähiriñ gory,
Sözleriñde, gözleriñde ýakym bar,
Kalbyñ ak gar ýaly, pikiriñ dury.
Sen şeýle mylaýym, sen şeýle eziz,
Ençeme päklige nusga mysaly,
Hem üýtgäñok şol bir bolşuñ, şol durkuñ,
Edil demirgazyk ýyldyzy ýaly.

Ýakymsyz günleriñ birsyhly wagty,
Sen sowgat edipdiñ uly bir bagty.

Kineden kemşeren dodaklaryma,
Sokur gözlerimiñ gabaklaryna,
Çynyñ bilen gülmekligi öwretdiñ,
Üýtgeşik däldigin üýtgeşikleriñ,
Adaty zatlaryñ sada däldigin,
Kimlere ynanyp, kimlere ýanyp,
Gezmeklik, döwürde moda däldigin,
Zeýrenmek erkege gelişmeýänin,
Her ýylgyran ýüzleñ degişmeýänin,
Wagtynda öwretdiñ, öwrendim.

Mazamlajak, magtajak señ adyñy,
Sen gülleriñ güli, köñlümiñ ýazy,
Entek döremedik kompazitoryñ,
Heniz döremejek jadyly sazy,
Sen.

Ýyllar öter, aýlar geçer, garraryn,
Nesipli gün terk ederin bu ýany,
Zemin näçe jan etse-de meñ üçin,
Dogrup bilmez seniñ ýaly uýany...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 114 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Medicall • 23:33, 02.11.2023
Tüweleme! Berekella, elleriñe, ýüregiñe saglyk, jigimjan!
avatar
1
2 Мango • 13:46, 03.11.2023
kompliment goşgy eken.
avatar
0
3 Pegas • 06:16, 04.11.2023
Öwünmänsiň-de, öwüpsiň ýaly-la.
avatar
0
4 Kyyas • 16:17, 07.11.2023
Şeýle öwülmäge mynasyp uýañ bolsa öwünmäge we öwülmägede haklysyñ. Berekella gowy örän ajap
avatar

uCoz