MENU

22:48
Neneň söýmäýin
NENEŇ SÖÝMÄÝIN

Derde duçar bolup juwan çagymda,
Gözel keşbiň ýer edipdi aňymda,
Ýaprak saralanda, seýil bagynda
Garaşypdym ortasynda öýläniň,
Aýtsana, men seni neneň söýmäýin?!

Nesibe - ýigrimä ýetipdir salym,
Yşk başa düşüpdir neneňdir zalym,
Arzyly arzuwym, ajap hyýalym
Aşagynda görmek elwan öýmäniň,
Aýtsana, men seni neneň söýmäýin?!

Gyşam bar, bu ömür bahar däl, ýaz däl,
Gussa görünip dur, aýdym däl, saz däl,
Ykbalyň ýakany ozalam az däl,
Gel, indi bir yşk oduna köýmäýin,
Aýtsana, men seni neneň söýmäýin?!

Ýyllar serimize salyp allaryn,
Bu ömür geçip dur, baky galmaryn,
Depesine çykyp beýik daglaryň,
Gygyrmak isleýän: " Seni söýýärin!"
Aýtsana, men seni neneň söýmäýin?!

Ilmyrat BABAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Parahat6499 | Теги: Ilmyrat Babaýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 23:14, 01.05.2023
öýleli, öýmeli, köýmeli, söýmeli goşgylaram hökman başyňdan geçirmeli-dä.
bahymrak geçewersiň "söýdüm-köýdümli" döwür...
***
Garaşypdym ortasynda öýläniň,
Aýtsana, men seni neneň söýmäýin?!

öýläniň ortasy - duşuşmak üçin amatly wagt däl ýaly.
ýöne kapiýa üçin gowy.
avatar

uCoz