MENU

18:21
Nowjuwan gyz
NOWJUWAN GYZ

Sepeläp dur akja unun çal asman,
Çagalar şadyýan zyňyşýarlar gar,
Nowjuwan gyz nazaryny aýyrman,
Bug tutan aýnadan howla seredýär.

Hukugy ýok ylgamaga, bökmäge:
ejesiniň sargydyna ol boýun.
Ir başlapdyr bukjasyny tikmäge,
Gurjakgoş ýygnaldy, goýuldy oýun.

Ol indi ulugyz—saçy örülgi,
Gar ýaly päkize, hiç bir ýazyksyz.
Bolsa-da durşuna “akylyň öýi”,
Käýýelipdi daş çykanda ýaglyksyz.

Aýnaň ýüzün örtýär gyrawlaýan buz,
Çagalaň gülkisem barha daşlaşýar.
Juwanlygyň çygryn gäden ulugyz,
Çagalygy bilen baky hoşlaşýar.
(Indi oňa joşgun ýaşlyk garaşýar).

Bugly aýna süýem barmagy bilen,
Ýüregniň şekilni çekýär sünnäläp,
Soňra peýkam atýar dyrnagy bilen—
Köşeşdirýär näzik kalbyn huwwalap.

Kakajan Balkanow
2020 ý

© Kakajan BALKANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 293 | Добавил: Балканов | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Pero • 21:25, 19.04.2023
Gowy goşgy

Emma jemleme jemleme däl ýaly bolup dur.
avatar
0
2 Medicall • 05:00, 20.04.2023
* gedän söze düşünmedim,
Manyly goşgy! Ýetirip duruñ!
avatar
1
3 Pero • 09:05, 20.04.2023
"Gäden" bolmaly
avatar
0
4 Medicall • 09:29, 20.04.2023
şeýle bolmaly, ýalňyş giden bolmaly-da)
avatar

uCoz