MENU

16:34
Nowruza

NOWRUZA

Guşlar elwan ganatyny
galgadyp geler bu toýa!
Kişi göwnün ýarym-ýarty
sanmadyk geler bu toýa!

Geler hindi, geler hytaý.
Tebigatyň toýy bu toý!
Janymy janyna gatam,
Jan gatyp geler bu toýa!

Geler barçalaň halaly,
Geýinip keten, daraýy.
Ýagşy-ýaman, ak-garany
garmadyk geler bu toýa!

Köňülde, aňda idänim,
Birisi goşa didämiň.
Näçe görse dost didaryn
ganmadyk geler bu toýa!

Taryhy boýla, boýlasañ,
Türkmen bar ýerde toý bolar!
...Söze saz ýazyp duýgular,
aňladyp geler bu toýa.

Aýgül GARAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: aygull | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Lacrymosa • 09:57, 23.03.2024
ur-raaa, hindi-hytaýam gelýämiş bu toýa
avatar
0
2 Lacrymosa • 09:59, 23.03.2024
bäh, goşgy diýen zat şun ýaly 12 süňňi abatja, formalyja, kaýalyja, rifmalyja  bolsa gowulaý näme diýseňem" diýdirdi bu goşgy.
avatar
0
3 aygull • 15:11, 23.03.2024
"Jikgi-jikgi" edýäň welin, gowlaşypsyň öýdýän?:)))
avatar
0
4 Мango • 12:30, 27.03.2024
Türkmen bar ýerde TOÝ bolar!
Ýapon bar ýerde TOÝOTA bolar!
avatar

uCoz