MENU

23:39
Noýabr

NOÝABR

Bu şemal ýüregmi sypalap geçdi:
«Başyň galdyr, geçýän ömri duý-a bir».
Köp wagt görüşmedik dostum mysaly –
Ýene – noýabr.

Gör, sary ýapraklar owsunyp gitdi,
Pynhan syryn açjak ýaly göýä bir.
Nämçündir, ýüregim gobsunyp gitdi –
Ýene – noýabr.

Hon-ha, gökde düzüm-düzüm durnalar
Ýazyp barýar täleýleriň dowamyn.
Ýaşaýyş nähili täsin gurnalan,
Ýene – noýabr.

Ilkinji jägildi… hüwdi sesleri…
Men sägindim, eşdip tanyş owazy.
Duşuşyklaň, aýralyklaň mesgeni –
Ýene – noýabr.

© Kakamyrat REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Medicall | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 13:07, 01.11.2023
noýabr Kakamyrat daýyň "ýüregini sypalap geçýän bolsa,...köp wagt görüşmedik dosty mysaly" meniň welin noýabr gelende MANAT ýadyma düşýär.

noýabryň 1-i – manadyň çykan güni.

asmandan durnalaryň uçanynam ömrüme ýeke gezek gördüm öýdýän.
indi-hä olar ýoluny üýtgedip ýörler öýdýän.
avatar

uCoz