MENU

23:56
«Nurly Gün gazap bilen bulutlara darasa...»

***

Nurly Gün gazap bilen bulutlara darasa,
Şemallar çawuş çaksa bagtyýarlyk barada,
Bulutlar ýagman geçse tokaýlaryň üstünden,
Şonda, gygyryp bilmän, ýuwaşjadan üsgürsem,
Ýewfrata göçüp gider garagol garlawaçlar,
Oýnalman galar onsoň owadan oýnawaçlar,
Durna ganatyn ýatlar ýerasty duzaklarda
Sen hakda oýa batsam ýurdumdan uzaklarda,
Başy dumanly daglar iki ýana süýşende,
Joşup akýan derýalar deňzi görse düýşünde,
Gözleň agy-garasy bir hanada garylsa,
Beýniden bizar bolan kelleçanak ýarylsa,
Öz läşini iýende açlykdan çal möjekler
Bir dilberiň saçyna örülende jäjekler,
Bir bürgüt ukusyndan oýanar anna güni,
Pyşbaga bulap urar egninden çanagyny.
Oýny goýan režissýor!
Indi titre, galpylda!
Bir umyt pyntyk ýardy
Bir gurjagyň kalbynda.

© Sungat GURBANGELDI
Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: sussupessimist | Теги: Sungat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 4.8/8
Всего комментариев: 7
avatar
0
1 aygull • 13:17, 19.12.2023
Şu goşgyny okap içiň sowaýar, ýazanyňda dagy nähili bolandyr...
avatar
0
2 Seýrаn • 14:25, 19.12.2023
Gowy goshgy ekenay bu, shahyr yazypdyr, goshgucy dal-de :)
avatar
0
3 Мango • 15:53, 19.12.2023
Sungat däde neden "oýny goýan režissýory titredip, galpyldatdy-ka?"
avatar
0
4 sussupessimist • 19:51, 19.12.2023
galpyldatdym diyenog-a
avatar
0
5 Мango • 22:09, 19.12.2023
"galpylda" diýýämi?
galpyldamaga sebäp näme?
gurjagyň kalbynda umydyň döremegimi?
avatar
0
6 Мango • 22:18, 19.12.2023
bir öwrülişik, bir gozgalaň, bir uly waka bolýan ýalymy?
Gün bulutlary gazap bilen dagadýar.
şemallar bagtyýarlyk barada çawuş çakýar.
dagadylan bulutlaram tokaýlaň üstünden ýagman geçýär.
gahryman gygyryp bilenok, üsgürýär...

durna ýerastynda duzakda, ganatyn ýatlaýar.
daglar iki ýana süýşýär...

...kelleçanak ýarylýar.
möjekler öz läşin iýýär açlykdan...

...bürgüt ukusyndan oýanýar anna güni.
Pyşbaga çanagyny bulap urýar.
...gurjagyň kalbynda umyt oýanýar.

bu zatlardan soň oýny goýan režissýor nätmeli?
titremeli, galpyldamaly.

----
režisýor kim?
goşgyda бунтарство bar ýalymy?
avatar
0
7 Pero • 08:57, 20.12.2023
Mango kaka,"gozgalañçylyk" diýjek bolduñyz öýdÿän?:)))
avatar

uCoz